Zenan bagty

14 Fewral 2024
754

Telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde hususy önüm öndürijileriň sany ýylsaýyn artýar. Olaryň önümleri ekologik taýdan arassalygy, şeýle hem ýaşaýşyň ähli ugurlarynda bolçulygyň emele getirilýän döwründe bäsdeşlige ukyplylygy bilen hem tapawutlanýar.

Narhal Haknazarowa Türkmenabadyň süýt-ýag öndürýän kärhanasynyň peýnir önümleri sehiniň ussasy bolup işläp ýören ýyllarynda hormatly zähmet dynç alşyna çykandan soň uly bir önümçiligi döretjekdigi hakynda pikirem eden däldir. Bu ýerde ol 17 ýyldan gowrak wagtlap yhlas bilen zähmet çekdi. Ýönekeý işçilikden seh ussalygyna ýetişdi. Peýnir öndürmegiň ähli syrlaryny birkemsiz özleşdirdi. Baý iş tejribesini toplady. Gyzy Narjan hem ene kesbini ýöretmäge döwtalap boldy. Ol ejesi bilen peýnir önümçiliginde işläp, onlarça ýyllap önümçilikde öňdebaryjylaryň hatarynda tanaldy.

Ilmyrat DÖWLETOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.