Halkara sergiden hoş habarlar

13 Fewral 2024
749

9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz hususy pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi barada aýdyp, häzirki döwürde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, hususy pudakda azyk önümleriniň dürli görnüşini öndürýän türkmen telekeçileriniň 5 — 9-njy fewral aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “ProdEkspo” halkara sergisine gatnaşmagy we ol ýerde gazanan üstünlikleri bu hakykatyň aýdyň güwäsi bolup şöhlelendi.

Dünýäniň 40-a golaý ýurdundan azyk önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň iki müňden gowragyny bir ýere jemlän iýmit önümleriniň, içgileriň we olaryň önümçilik çig mallarynyň 31-nji iri halkara sergisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan “Ak ýol miwe içgileri” hususy kärhanasy, “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti alkogolsyz içgiler we miwe şireleri, “Şerbetli ak gar” hojalyk jemgyýeti, “Altyn ýunus” hususy kärhanasy, şeýle-de “Balam”, “Bars”, “Täze Aý” önümçilik kärhanalary konditer önümleri bilen gatnaşdylar.

(Ýörite habarçymyz).