Tejribe bilen täzeçillik sazlaşanda...

21 Ýanwar 2024
736

Halkymyzda: «Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar» diýen pähim bar. Ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelen paýhasyna eýerýän türkmen halky häzirki döwürde-de ekerançylyga we maldarçylyga uly sarpa goýýar. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň daýhançylykdan we maldarçylykdan rysgal tapýanlary sanardan köp. Gök-bakja önümleriniň, miweleriň we süýt, peýnir, gatyk, ýogurt, dorog ýaly süýt önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde oba hojalygynda iş alyp barýan we täzeçil iş usullarynydyr innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanýan hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň mynasyp paýy bar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürip, bazar bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem «Sahabatly» hojalyk jemgyýetidir.

Ekologiýa taýdan arassa we saglyga peýdaly süýt önümlerini öndürmekde «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň çärýek asyrdan agdyk tejribesi bar. Ýakynda biz hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäklerinde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda myhmançylykda bolup, tohumlyk mallary idetmegiň we olardan bol süýt almagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandyk. «Sahabatly» hojalyk jemgyýetini esaslandyran Orazgeldi Anzarow 1997-nji ýylda maldarçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Ilkibaşda 350-den gowrak sygry kärendesine alan telekeçi ýerli sygyrlaryň süýtlüligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Eýrandan we Germaniýadan tohumlyk mallaryň 160-a golaýyny satyn alýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, gara mallaryň süýt berijiligi babatda dünýä belli golştin tohumyna degişli sygyrlaryň her birinden günde ortaça 20 litrden gowrak süýt almak bolýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».