Türkmenistanyň sport abraýy barha belende galýar

9 Dekabr 2023
397

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, her bir raýatyň abadan we döredijilikli durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda türkmenistanlylaryň saglygynyň berkidilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, şäherlerde we obalarda degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty has-da dabaralandyrmak baradaky beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine ýokary döwlet jogapkärçiligi nukdaýnazaryndan garamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty höweslendirmek, wagyz etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň nyşany bolmak bilen, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, giň gözýetimli, häzirki zaman bilimlerine eýe bolan ýaş nesli terbiýelemek işinde möhüm ähmiýete eýedir.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda täze ilatly ýerleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň, bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynda sport düzümine degişli desgalaryň göz öňünde tutulmagy ildeşlerimizi begendirýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan sport mekdepleri bina edildi. Bu ugurda ýokary bilimli hünärmenler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda taýýarlanylýar. Mermer paýtagtymyzda ýerleşýän köpugurly Olimpiýa şäherçesiniň düzümindäki sport maksatly ýöriteleşdirilen desgalar türgenlerimiziň taplanýan hem-de halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bedenterbiýe we sport, hususan-da, sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzda sport türgenleşikleri geçirmek hem-de halkara derejeli ýaryşlary guramak, ýokary tälimçileri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini ýetişdirmek, Olimpiýa ätiýaçlygyny döretmek üçin ähli şertler döredildi. Dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileri bolan türgenler öz gezeginde şahsy ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Şol sebäpli-de ussat türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak wezipesi «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň» möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler adamlaryň abadançylygy hem-de ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ekologik ugur bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.