Ruhubelentlige beslenen ýaryşlar

13 Dekabr 2023
353

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Iki günläp tapgyrlaýyn dowam eden ýaryşlara diplomatik gullugyň işgärleri bilen birlikde, köp sanly myhmanlar, sport janköýerleri hem gatnaşdylar.

Sportuň iki görnüşi — woleýbol we küşt boýunça geçirilen ýaryşlarda diplomatik gulluklaryň wekilleri ýokary işjeňlik görkezdiler.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.