Gazagystana mekdep partalary eksport edildi

31 Awgust 2023
1040

Hormatly Prezidentimiziň kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak babatda amala aşyrýan asylly başlangyçlary, durmuşa geçirýän giň gerimli işleri milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçileri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Aýbölek» mebel kärhanasynyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli partalary eksport etmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Milli önümlerimiziň daşary ýurtlara eksportynyň artdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işewür düzümler hem bu işlere mynasyp goşandyny goşýar. Ýeri gelende bellesek, «Aýbölek» mebel kärhanasy geçen ýylyň sentýabrynda hem Gazagystan Respublikasynyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda ulanyşa berlen 720 orunlyk döwrebap orta mekdep üçin partalary eksport edipdi.

Ýörite habarçymyz.