Ýurdumyzyň altyn gaznasy

30 Awgust 2023
827

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde belent sepgitlere ýetilip, ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagynda uly ähmiýeti bolan telekeçiligi ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde giň gerimde ösüşleri nazarlaýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň altyn gaznasy bolan telekeçiler işjeň gatnaşýarlar. Dürli ugurlarda iş alyp barýan telekeçilere döwlet tarapyndan ýeňillikleriň berilmegi olaryň iş geriminiň giňemegine şert  döredýär. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden pesde durman, olara isleg barha artýar. Munuň özi halkymyzyň uly isleg bildirýän önümlerini, harytlaryny öndürmekde telekeçilerimiziň alyp barýan işleriniň netijeliligini has-da artdyrmaga düýpli itergi berýär.

Türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edip, ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!

Çynar Nuryýewa,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň syýasy we guramaçylyk işleri bölüminiň partiýa guramaçysy.