Işi ileri kärhana

30 Awgust 2023
973

Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri özleri üçin döredilýän oňyn mümkinçiliklerden peýdalanyp, täze önümçilikleri ýola goýýarlar, önümçilik kärhanalarynyň sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Müşderiler üçin hödürlenýän önümleriň hem-de hyzmatlaryň görnüşini köpeldip, olary hil taýdan kämilleşdirýärler. Şeýle işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan hususyýetçileriň biri-de, telekeçi Meret Meredowdyr.

Telekeçi 2017-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde önümçilik kärhanasyny açyp, ilkinjileriň biri bolup «Dat» haryt nyşanly nahar duzunyň önümçiligine girişýär. Ýodlaşdyrylan nahar duzy adam bedeninde ýod ýetmezçiliginden döreýän keselleriň öňüni almaga niýetlenendir. Önümhana ornaşdyrylan döwrebap enjamlar günde ortaça 20 tonna duzy gaýtadan işlemäge we gaplamaga mümkinçilik berýär.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».