Haryt bolçulygy berkidilýär

29 Awgust 2023
934

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýmak bilen birlikde, emele gelýän bazar şertlerine çalt uýgunlaşyp, oňa mynasyp jogap berilýär. Şunda täze pudaklarda alnyp barylýan netijeli işlere-de aýratyn orun degişlidir. Türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan şeýle işler öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nyrh elýeterliligini üpjün etmäge, ýurdumyzyň işjeň kuwwaty bolan ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçmek, importyň ornuny tutýan eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, ýyladyşhanalary özünde jemleýän obasenagat toplumlary döredilýär. Olaryň işine öňdebaryjy tejribeler, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Et, süýt we çörek önümlerini, azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär.

Mähri JOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.