Hyzmatdaşlyk — bähbitdeşlik

27 Awgust 2023
724

Oba hojalygy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň iň esasy pudaklarynyň biridir. Çünki ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek XXI asyrda umumadamzat ähmiýetli meselä öwrüldi. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda hem halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesine uly ähmiýet berlip, obasenagat toplumynda belent sepgitlere ýetilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryna daýanyp, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesini ornaşdyrmak ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelerdir.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan hususyýetçi daýhanlar üçin ýeňillikli şertlerde dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli tehnikalar hem-de gurallar yzygiderli satyn alynýar. Soňky ýyllarda ýurdumyza Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» hem-de Germaniýanyň «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyrlary gelip gowuşdy. Ýokary öndürijilikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artmagy işleriň hilini gowulandyrmaga, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».