Garagumuň jümmüşindäki bag

22 Awgust 2023
822

Öňküleriň aýdyp geçmedik zady ýok. Öňden gelýän halk pähimleri, nakyllardyr atalar sözleri ýüregiňe jüňk bolaýýar. Şol dürdäne pähimleriň biri-de, «Owal akan ýerden akarmyş aryk» sözi. Biziň gürrüňini etjek bolýan daýhan hojalygymyzyň miweli baglarynyň ýerleşýän ýerinde-de öň oturymly ilat mesgen tutupdyr. Aýtmadyk bolsalar dagy, «Akyp ýatan ymgyr çägede-de miweli bag bolarmy?» diýjegiň gümansyz. Ýogsa-da, çäge, çöl diýlende, selinli, sazakly, gandymly, çerkezli alaňlardan başga zady göz öňüňe getirjekmi diýsene?! Emma beýle däl eken. «Gülzemin» daýhan hojalygy 200 gektara uzap gidýän öňki çöllük meýdanda dürli miweli baglary ýetişdirip, hasyl baryny ýygyp ýör. «Adam eli — gyzyl gül» diýleni. Diýmek, bu-da adam eli bilen dörän gudrat bolmaly.

Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan ýöreseňiz, sag egniňizde «Täze eýýam» diýlen ýazga gözüňiz düşer. Şondan göni günbatarlygyna tarap gidibermeli. Öňüňizde «Ýandaklyagyz» diýlen öňden oturymly oba bar. Şol obanyň deňine ýetensoň, çep tarapa öwrülip gidersiňiz welin, gowaçaly pellerden, öri meýdanlaryndan, pirli-keramatly mukaddes ýerlerden soň, çägelik başlanýar. Ýolbeledimiz, «Gülzemin» daýhan hojalygynyň hünärmeni Babamyrat Baýarow alaňlygy görkezip: «Biziň häzirki 200 gektarlyk bagymyzyň ýerleşýän ýeri hem öň edil şunuň ýaly eken. Daýhan hojalygy açylaly bäri işläp gelýärin. Bu ýerleri özleşdirmek üçin, gör, näçe zähmet siňdi. Gije-gündiz işlenildi» diýdi.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.