«Ak altynyň» islegli ýüplügi

15 Awgust 2023
805

Daşoguzyň pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp toý sowgady bilen garşy almak ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada ýylda 16,6 müň tonna pagta süýümi gaýtadan işlenilýär we 14,5 müň tonna ýokary hilli ýüplük öndürilýär. Häzirki bazar şertlerinde ykdysady ýörelgeleriň netijeli peýdalanylmagy, işleriň göwnejaý guralmagy, innowasion tehnologiýalaryň ygtybarly ulanylmagy esasynda fabrik boýunça şu ýylyň ýedi aýynda önümçiligiň möçberi artyp, meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi.

Welaýat merkeziniň günbatar künjegini aralap geçýän uly ýoluň ugrunda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen iri senagat kärhanalarynyň uly toplumy ýerleşýär. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň iri düzüm böleginiň biri bolan döwrebap fabrigiň ak lybasa beslenen belent başly binasy bu topluma aýratyn görk berýär. Bu kärhana gysga döwrüň içinde önümçiligiň möçberiniň yzygiderli ösýän, ýokary hil derejesiniň pugta üpjün edilýän nusgalyk merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilen dürli möçberdäki «ring» kysymly sap arassa ýüplükler dünýä ýüzünde ýokary islegden peýdalanýar we uly meşhurlyga eýe bolýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, özüniň ýokary hili hem-de halkara ülňülere laýyklygy bilen tapawutlanýan, bäsdeşlige ukyply önümler, esasan, Türkiýä, Hindistana, Pakistana, Germaniýa, Italiýa hem-de başga-da birnäçe ýurtlara eksport edilýär.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».