«Täç hil» — kämilligiň we täzeçilligiň gözleginde

13 Awgust 2023
817

Milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky tagallalaryň netijesinde türkmen telekeçileri täze önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Soňky ýyllarda hususy işewürler himiýa senagatynda hem üstünlikli iş alyp baryp, ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Olar şahsy arassaçylyk serişdeleri we hojalyk himiýasynyň önümleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, öz harytlaryny goňşy döwletlere-de eksport edýärler. Innowasion işewürligi ýola goýup, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan şeýle hususy düzümleriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasydyr. Bu kärhana polietilen torbalaryň, arassaçylyk serişdeleriniň we hojalyk himiýa önümleriniň önümçiligini barha ýokarlandyrýar. Hususy kärhananyň döwrebap önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän önümçilik kärhanasy «A» we «B» blokdan ybarat bolup, olaryň birinjisinde arassaçylyk serişdeleriniň, ikinjisinde bolsa polietilen torbalarynyň önümçiligi ýola goýlandyr. Olar Germaniýanyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Arassaçylyk serişdeleriniň öndürilýän sehinde şahsy arassaçylyk serişdeleri, dürli ölçegdäki çygly süpürgiçler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar, «Anbar» haryt nyşanly köpürjikli sabynlar, «Aura» haryt nyşanly atyrlar, «Fresh» haryt nyşanly ýakymly ys berijiler we beýleki antibakterial serişdeler öndürilýär. «Anbar» haryt nyşanly köpürjikli sabynlar el ýuwlanda peýdalanylýan suwuň möçberini 35 göterime çenli tygşytlamaga ýardam edýär. Bu bolsa kärhanada ekologiýa taýdan arassa we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmaga niýetlenen önümleri öndürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby. «Biznes reklama».