Berk we ýokary hilli gönler

12 Awgust 2023
645

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Gökdepäniň gön zawodynyň döredijilikli işleýän işçi-hünärmenleriniň aýma-aý gazanýan önümçilik görkezijileri onuň öndürijilikli işleýän kärhanalaryň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Bu babatda üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýetilen sepgit has-da guwandyryjy boldy: kärhanada 8 million 92 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada dowardyr sygyrlaryň derisiniň birnäçe tonnasy gaýtadan işlenip, ekologiýa taýdan arassa dürli görnüşdäki we ölçegdäki gön taýýarlandy. Aýakgaplaryň, kemerleriň, gyşky lybaslaryň, torbalaryň önümçiligine hem-de beýleki maksatlara niýetlenen önümleriň köp bölegi hususy pudagyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).