Eksport ugurly ýüplükler

11 Awgust 2023
856

Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde öndürilýän 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedigi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, olar Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň yhlas-tagallalary bilen öndürilen ýüplükleriň bir bölegi agzalan ýurtlara eksport edildi.

Bu ýerde önümçilik işiniň ýokary derejede alnyp barylmagy guwandyryjy görkezijileri gazanmagyň esasy şertidir. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 59 million 220 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş depgininiň üpjün edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Şol döwürde bu kärhanada 3537 tonna golaý ýokary hilli nah ýüplük öndürildi.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).