Tomus berekedi — bazar bezegi

10 Awgust 2023
681

Ýylyň ähli paslynda-da adyny tutan zadyň tapdyrýan bereketli türkmen bazarlarynyň tomus paslyndaky bolçulygyny görmäge göz gerek. Şu günler Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Gündogar bazarlaryna mahsus gyzgalaňly söwdasy bilen tapawutlanýan söwda nokatlarynyň alyjysy ýetik.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýylboýy azyk bolçulygynyň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitleýär. Şundan ugur alyp, şu ýyl hem Diýarymyzyň oba hojalykçylary, telekeçileri miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olaryň çeken halal zähmeti, döken alyn deri türkmen halkynyň rysgalyna öwrülip, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.