Tebigy tagamly milli önümler

1 Awgust 2023
652

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň ter miwelerden, gök-bakja ekinlerinden taýýarlaýan önümleri hil derejesiniň ýokarylygy we tebigy tagamy bilen tapawutlanýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup maýonez öndürip başlady. Soňra önümçiligini giňeldip, konserwirlenen milli önümleri taýýarlamak işlerini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň söwda dükanlarynyň tekjelerini bezeýän «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» haryt nyşanly önümleri müşderilere öňden tanyş bolsa gerek. Telekeçiler ýakynda «Esmo» haryt nyşanly täze önümi hem satuwa goýberdiler. Şeýle haryt nyşanly maýonezdir üwmeçleriň gaýtalanmajak üýtgeşik tagamy bar.

Dürli ýaglylykdaky maýonezler, üwmeçler, duzlanan we marinada ýatyrylan gök-bakja önümleri, mürepbedir jemler, ösümlikli spred ýagynyň dürli görnüşleri, gaýtadan işlenen pagta ýagy, kakaoly we hozly desert goýaltmasy ýaly azyk önümleriniň müşderisi ýeterlik.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Ahal durmuşy».