«Doganlar ýyldyzy » — toý saçaklarynyň bezegi

31 Iýul 2023
723

Ýurdumyzda halkyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar bu günki gün öz miwesini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz agzybir, parahat we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bu ugurda içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli önümleri öndürýän türkmen telekeçileriniň aýratyn orny bardyr. Şolaryň arasynda hem gysga wagtyň içinde özüniň konditer önümleri bilen halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmagy başaran «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň bardyg­yny bellemelidiris.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedowyň esaslandyran «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy eýýäm birnäçe ýyl bäri ilatymyzy dürli hili konditer we şokolad önümleri bilen üpjün edip gelýär. Şonuň ýaly-da, bu hususy kärhanada «Doganlar ýyldyzy» haryt nyşany bilen dürli gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly, huruşsyz süýjüler we başga-da şokoladlaryň 45 görnüşi öndürilýär. Olar ISO we «Halal» halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

«Biznes reklama».