«Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

24 Iýul 2023
662

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri hem my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak ba­bat­da dö­red­ýän şert-müm­kin­çi­lik­le­ri­niň sa­ýa­syn­da önüm­çi­li­gi­niň ge­ri­mi­ni bar­ha gi­ňeld­ýän «Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy öz işin­de tä­ze­çil çe­me­leş­me­ler­den we döw­re­bap ýö­rel­ge­ler­den ugur al­ýar. 2011-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kär­ha­na gys­ga wag­tyň için­de meş­hur ha­ryt ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Tä­ze dur­muş oba­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky Se­na­gat zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän önüm­çi­lik kär­ha­na­sy Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Ýyl­lyk önüm­çi­lik kuw­wa­ty 4200 ton­na­dan geç­ýän kär­ha­na­da ýer­li çig mal esa­syn­da dür­li gör­nüş­li gant we süý­ji önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär.

Ga­ty ka­ra­mel, çeý­nel­ýän hu­ruş­ly süý­jü­ler, kon­di­ter önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan ha­myr ga­bart­ma­sy, şe­ker, ka­kao toz­la­ry, şe­ker­li wa­ni­lin we beý­le­ki­ler «Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň is­leg­li ha­ryt­la­ry­dyr. Ýa­kyn­da hu­su­sy kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­ne ISO 9001 hil üp­jün­çi­li­gi we ISO 22000 azyk howp­suz­ly­gy şa­ha­dat­na­ma­la­ry­nyň be­ril­me­gi bol­sa ola­ryň hil de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Olar hil bar­lag­la­ryn­dan ge­çi­ri­len­den soň, ýur­du­my­zyň dür­li ýer­le­rin­dä­ki söw­da no­kat­la­ry­na ibe­ril­ýär.

«Biznes
reklama».