Milli önümlere dünýäde gyzyklanma artýar

20 Iýul 2023
895

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň alty aýynda gazanylan ösüşleri barada aýratyn durlup geçildi. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň bolsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginde 109,6 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýan, ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelýän telekeçileriňdir işewürleriň işleriniň ileridiginden habar berýär. Biz munuň şeýledigine şu günlerdäki wakalara şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.

12 — 14-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Food Istanbul Expo — 2023» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem 16-sy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda miwe içgilerini taýýarlamakda, konditer ýaly köpugurly azyk önümçiliginde meşhurlyk gazanan «Parahat», «Täze Aý», alkogolsyz gazlandyrylan içgileri bilen tanalýan «Arçalyk» we «Tükel», miwe suwlaryny öndürýän «Sada», konditer we süýji önümleri bilen adygan «Misgär», «Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Tamada», «Balam», «Balşeker», «Altyn şöhle», «Kilwan» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bar. Azyk harytlary we içgiler, konditer önümleri, maňyzlar we gury iýmişler, köke we şokolad, azyk senagatynyň goşundylary we gaplary, söwda enjamlary we dükanlaryň bezegi ýaly bäş bölümden ybarat bolan bu halkara gözden geçirişde türkmen kärhanalarynyň pawilýonlary köp adamly bolup, halkara bilermenlerdir daşary ýurtly işewürler Türkmenistanda öndürilen ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerine ýokary baha berdiler. Dünýäniň 100-e golaý döwletinden 1000-den gowrak önüm öndürijini bir ýere jemlän gözden geçirilişigiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, türkmen telekeçileri daşary ýurtly işewürler bilen önümleri eksport etmek boýunça birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Şol ýurtlaryň hatarynda Palestina, Yrak, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, BAE ýaly birnäçe döwletleri görkezmek bolar.

(Ýörite habarçymyz).