Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Siziň baýramçylyk saçagyňyza!

Tokly tamdyrlamasy Gerekli önümler:

Hyrydarly harytlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda bazara gelýän alyjylara bereket-bolçulygy alamatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir harytlar hödürlenilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak bazarlaryň we dükanlaryň haryt bolçulygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda berekede beslenýän ak bazarlara we dükanlara baranyňda daýhanlarymyzyň bereketli türkmen topragynda ýetişdiren, ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleriniň, et, balyk, süýt we çörek önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň elýeterli bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Ak bazarlara baranyňda eşidilýän, «Gökderäniň almasy», «Bagyr obasynyň narpyzy, reýhan oty», «Gökdepäniň gök önümleri», «Nohuryň pomidory», «Baharlynyň garpyzy», «Garrygalanyň nary, hozy, injiri ýa-da böwürsleni», «Gäwersiň üzümi ýa-da garpyzy», «Tejeniň waharmany», «Lebabyň gülabysy», «Köýtendagyň arnaby», «Daşoguzyň garrygyz gawuny», «Sarahsyň pissesi» ýaly mahabat sözleri türkmen topragynyň berekedine bolan ýürekleriň töründäki buýsanjy oýarýar» diýip nygtalýar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýylyň reňki Täze ýylyň öň ýanynda Halkara «Pantone» institutynyň hünärmenleriniň gelen netijesine görä, «Mocha Mousse», ýagny «Mokka kofesiniň goýaltmasy» diýip atlandyrylan reňk öwüşgini ýylyň esasy reňki hökmünde yglan edildi. Goňur reňkiň adaty bolmadyk täsin öwüşgini inçe duýguçyllygyň we aňrybaş kaşaňlygyň sazlaşygyny özünde şöhlelendirýär. Institutyň kesgitleýän reňkine bütin ýylyň dowamynda dünýäniň nysak äleminde aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, institut tarapyndan ýylyň reňkine berilýän at hem bütin ýylyň ruhy halatyny, ylhamyny alamatlandyrýar.

Netijeler seljerildi

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň medeniýet öýünde 2024-nji okuw ýylynda terbiýeçilik ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek hem-de 2025-nji okuw ýylynda esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda harby tertip-düzgünini berk berjaý etmek, şahsy düzüm bilen geçirilýän gumanitar taýýarlyk dersinden okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, terbiýeçilik agşamlaryny, medeni-dynç alyş çärelerini gyzykly geçirmek, harby gullukçylaryň arasynda jebisligi, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak maksady bilen, okuw-usulyýet ýygny guraldy. Bu ýygynda 2024-nji okuw ýylynyň dowamynda geçirilen işlere işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdeler, maýorlar Azat Hydyrow, Azat Berdiýew, kapitanlar Aman Jumaýew, Bektemir Öwezow dagy harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlaryna we ýörite sowgatlara mynasyp boldular. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21. 03-20. 04) Geljek hepdede hamallar iş meselesinde özleriniň ugurtapyjy ukyplaryny ussatlyk bilen ulanarlar. Işleýän ugurlaryňyzda köpsanly mümkinçilikler dörär. Ýöne işiň ähli meselelerini ýekelikde çözmäge synanyşmak biraz köp wagtyňyzy alyp biler. Şonuň üçin gerek ýerinde işdeş ýoldaşlaryňyz bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutuň.

Ätiýaçlandyryş kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde halk hojalygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär, tutuş ýurt ösüşlere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryndaky beýik ösüşler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny şertlendirýär. Berkarar Diýarymyzda gazanylýan ösüşlere, özgertmelere Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk gelmegi üçin elmydama kämilleşdirilýär we ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň nyrh möçberleriniň elýeterli bolmagy üçin ähli zerur işler geçirilýär. Halkymyzyň durmuşynda göz öňüne tutulmadyk, tötänleýin, duýdansyz ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň öňüni almakda, özüniň wezipesi boýunça ýüze çykýan ýitgileriniň (zelelleriň) öwezini dolmakda ätiýaçlandyryşyň hyzmaty uludyr. Şular esasynda, döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ýuridik şahslara işgärleriniň saglyklaryny goramak maksady bilen, «Ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş» hyzmaty hem hödürlenýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyla çenli we bir ýyldan hem köp möhletlere baglaşylyp bilinýär.

Watana söýgi — iň beýik duýgy

Häzirki döwürde çagyryş boýunça harby gulluga täze kabul edilen ýurdumyzyň raýatlaryny gullugymyzyň düzümlerinde garşylamak dabaralary hem giň gerime eýe bolýar. Oňa tejribeli serkerdeler gatnaşýarlar we ýaş esgerlere Watan goragynda üstünlikleri, sag-aman mähriban ojaklaryna gowuşmaklaryny arzuwlaýarlar. Harby gullugyň ýaňy bosagasyndan ätlän ýigitleri mynasyp garşylamak, olar bilen harby durmuş barada tanyşlyk, harby bölümiň geçen şöhratly ýoluny gürrüň bermek we beýleki geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli çäreler ýurt goragçylarymyzyň watançylyk duýgularyny has-da artdyrýar. Şol maksat esasynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowanyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Watandyr ýigitler, başymyzyň täji!» atly wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çagyryş boýunça harby gullukçylara ýurt goragynyň mukaddesligi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, harby gullukçylar üçin okamaga, öwrenmäge, eziz Diýarymyza wepaly gulluk etmäge döredip berýän mümkinçilikleri, her bir ýigidiň durmuşynda harby gullugyň tutýan orny barada berlen gürrüňler ýaş esgerlerde uly täsir galdyrdy.

Berjaý edilmeli düzgünler

Mähriban ildeşler! Durmuşymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny kepillendirmek hem-de ýaşaýyş-edara jaýlarynda ulanylýan gaz bilen işleýän enjamlarynyň gurnalyşy, ulanylyşy we beýleki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişi barada, şulary ýatladyp, maslahat bilen ýüzlenmegi makul bildik. Ýaşaýyş-edara jaýlarynda gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde otagyň howasyny çalyşmak üçin ýörite açylýan gözi bolup, gaz enjamynyň ýokarky böleginde bolsa howa çekiji saýawan oturdylmaly. Gaz enjamyny ulanýan raýatlar, bu enjamyň howruny çykarýan hem-de howa çalyşýan ulgamynyň tehniki taýdan saz işlemegine gözegçilik edip, öz wagtynda ýag siňmelerden we gurumlardan arassalap durmaly. Gaz bilen işleýän enjamy işe girizmezden öň hem-de onuň işleýän wagty saýawanyň howa çekijilik ukybyny barlamaga, gaz bilen işleýän enjamy ulanmazdan öň, onuň ojaklarynyň ýanyjylyk ukybynyň sazdygyna seretmäge, tüsse çykarýan abzallarynyň gurumlaryny öz wagtynda arassalamaga, enjam ulanylandan soň, gaz akdyryjynyň nurbatyny ýapmaga, gazyň ysy duýulanda gazlaşmadyk ýerden Gaz hojalyk gullugyna telefon arkaly 04 belgä habar bermäge, elektrik togunyň akymyny öçürmäge, açyk oduň hem-de uçgun berijileriň ulanylmagyny doly gadagan etmäge borçludyrlar.

Parahatçylygyň ygtybarly daýanjy

Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we harby talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylygyň ygtybarly daýanjy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem-de türkmen halkynyň taryhyny, milli we ruhy gymmatlyklaryny beýgeltmekde amala aşyrylýan asylly işler, döwletara dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada täsirli çykyşlar edildi. Ejegül ESENOWA, maýor.

Täze ýyla täsin sowgat

Täze ýyl saçagynda balykdan taýýarlanan önümlere aýratyn orun degişlidir. Bitewi görnüşde gowrulan balyk taýýarlamak ýylanyň göwnünden turýar hem-de oňa täsin sowgat bolýar. Çünki balyk elmydama öňe ýüzýär, bu bolsa öňegidişligiň nyşany hasaplanýar. Mundan başga-da, balyklar bir wagtyň özünde onlarça işbil goýýarlar, bu hem bolçulykdan, bereketden nyşandyr.

Bagtyýarlygyň mekany

Bagt nuruny saçýan arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwöwrülmegi, döwrebap binalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşulýar. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri-de Arkadag şäheridir.

Ajaýyp kitaby okap...

Şöhratly geçmişimiziň beýany Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat edýän ajaýyp kitaplary ruhy gymmatlygymyzyň has-da baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň dürli ugurlara degişli gymmatly kitaplary okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.

Ýeňişli ýylyň buýsanjy

Üstünlige beslenen menziller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýokary zähmet ýeňişleri, belent sepgitleri we taryhy wakalary bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Geçilen menzillere, ähli ugurlarda gazanylan netijelere ser salmak abadan geljegimize özboluşly badalga bolýar.

Gapymyzda ýene bir toý

Aýdymlar ýaňlansyn dilde-dahanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünliklerden, toý şatlygyndan ruhlanýan halkymyz ýene sanlyja günden täze ýyla gadam basýar. Geljek — 2025-nji — Täze ýyly süýji arzuwlar bilen garşylamaga uly höwes bilen taýýarlanýan ruhubelent halkymyzyň toý şatlygy goşalanýar. Üstümizdäki — “Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara baý bolandygy bize ruhy güýç berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň çap bolup çykmagy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp “Magtymguly” diýen täze kitabyň çapdan çykmagy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Arkadag şäherinde şatlyk-şowhun bilen ýokary derejede bellenilmegi ýokarda aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

Wagyz-ündew edildi

 Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň  we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mekdepde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň ahlak arassalygyny, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, «Türkmen jemgyýeti öz geljegini ynamly gurýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi, ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekip, zehin-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi, edep-terbiýe bilen bagly sargytlaryna hemişe wepaly bolmalydyklaryna ünsi çekdiler. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Täze ýylyň bosagasynda

Bazar bolçulygy — toý saçagynyň bezegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Şeýle ajaýyp şanly seneleriň biri hem giňden bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramçylygydyr. Şu günler gözel Diýarymyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýarlyk görülýär. Bazarlarymyzda, döwlet we hususy eýeçiligindäki dükanlarda haryt bolçulygynyň döredilmegi toý saçaklarymyzyň göwnejaý bezelmegine mümkinçilik berýär.

Taryhy wakalaryň ýyly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly tamamlanyp barýar. Şanly ýyl mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Medeni mirasyň mizemez merjeni Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan gözbaş alnyp bu ýylyň ady hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyryldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ýylda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaralanýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna, beýik şahsyýetlerine hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwür. Çaga. Terbiýe.

Mähirli alada Güneşli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesil hakyndaky alada çagalar bagyndan başlanyp, bu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap çagalar baglarynda körpe nesliň bilim-terbiýe alyp, ajap eýýamymyzyň mynasyp ýaşlary bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas-tagallalar abadan geljegimize gönükdirilendir.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Demokratik ösüşleriň rowaçlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny döredijilikli zähmeti bilen dabaralandyrýan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurýar we döredýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän parasatly içeri we daşary syýasaty rowaçlanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Raýat jemgyýetimiziň ösüş-özgerişleriniň bady artýar.