GDA-nyň ýolgurluşyk düzüminiň mejlisi
Düýn paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň 48-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde utgaşykly görnüşde guran çäresine Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýol, ulag we ylmy-barlag edaralarynyň, beýleki goňşy ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. GDA-nyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow öz çykyşynda nobatdaky duşuşygyň GDA ýurtlarynda awtomobil we ýol-ulag düzümleriniň netijeli ulanylmagyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny belledi. 1992-nji ýylda döredilen bu geňeş döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň çäklerinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ýol-ulag edaralaryny we işewürlerini birleşdirýän, üznüksiz halkara awtomobil gatnawlarynyň, ulag düzümleriniň ösdürilmegine ýardam edýän guramadyr. Ol Arkalaşygyň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmekde, möhüm meseleleri çözmekde ygtybarly utgaşdyryjy edara bolup çykyş edýär. GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematow Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçly orun eýeleýändigini, ykdysady we ynsanperwer-medeni maksatnamalara işjeň gatnaşýandygyny aýratyn nygtady. Ş