Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 12-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Hormatly hasyl ussatlary!Merdana gallaçy babadaýhanlar! Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi

Aşgabat, 12-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy. Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we minera

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýew Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine;

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan uly zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Hatlarda bu zähmet ýeňşiniň döwlet Baştutanymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän bugdaý hasyly bilen içerki bazaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmagyň hasabyna azyk garaşsyzlygyny gazanmak babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigi bellenilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi türkmen ekerançylarynyň bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Iş maslahaty geçirildi

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ahalda

Magtymguly Pyragy döredijilik äleminiň öçmez nurudyr

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatynda edilýän tagallalar ildeşlerimiziň her birinde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde adamkärçiligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlygyň, kiçigöwünligiň, kanagatlylygyň, myhmansöýerligiň we adama mahsus bolan beýleki oňat häsiýetleriň ählisi çeper we çuňňur beýan edilýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar. Dana atamyz öz halkyna we bütin adamzada hyzmatlary bilen türkmenleriň hem-de beýleki halklaryň kalbynda çuňňur orun almagy başaran şahyrdyr. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde halkynyň egsilmez baýlygy bolan ata-babalarymyzyň gözel mirasyndan ylham we kuwwat alýar. Şoňa görä-de, onuň goşgulary her bir ynsanyň ruhuna ornaşýar.

Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi

Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň gije-gündiz işledilmegi netijeli galla oragynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalarynyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, daýhanlar döwletimiz tarapyndan tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bularyň ählisi oba hojalyk işlerinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistany Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan, taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara hereketleri ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Bu babatda Koreýa Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady, amala aşyrylan hem-de meýilleşdirilýän bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistany Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan, taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara hereketleri ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Bu babatda Koreýa Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady, amala aşyrylan hem-de meýilleşdirilýän bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we rysgal-bereket dileýärin. Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy

Agzybirligi baýdak edip geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy, bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarydyr düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar ýyllaryň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň görkezijisidir. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 5-7-nji iýulda ýurdumyzda saparda bolmagy hem bu aýdylanlaryň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi. Ählumumy gatnaşyklaryň sütüni

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Resminama bilen Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«Akylly» şäheriň ak ýoly

Gysga wagtyň içinde gözelligiň, täzeçilligiň, bagtyýarlygyň mesgen eýlän mekany hökmünde owazasy dünýä dolan Arkadag şäheri ilkinji ýaş toýuny toýlady. Sebitde ilkinji «akylly» şäher halkara derejeli ylmy maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýän, Türkmenistana gadamy düşen islendik myhmanyň hökman görmeli hasaplap, syýahatçylyk maksatnamasyndan esasy orun berýän künjegine öwrüldi. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary tizlikli internetden peýdalanmak mümkinçiligi döredilen Arkadag şäheri bu günki gün «ýaşyl» tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň hem nusgasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça «Habitat — III» maslahatynda tassyklanan «Täze şäher gün tertibi» konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde halkara sylaglarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolan Arkadag şäheri daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň mekdebi diýip hem ynam bilen atlandyryp bileris.

Saýlawlar — halkyň ýürek sesi

7-nji iýulda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde bellenilişi ýaly, saýlawlar ildeşlerimiziň ýokary işjeňlik görkezmeginde, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň berjaý edilmeginde bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleriniň, milli synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde bu möhüm syýasy çärä üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adamyň gatnaşandygy, bu görkezijiniň bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdigi habar berildi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan raýatlar dalaşgärlik etdiler. Olaryň arasynda döwlet edaralarynyň wekilleriniň, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň bolmagy watandaşlarymyzyň geljegimiziň ösüşleri nazarlaýan başlangyçlara uly jogapkärçilikli garaýandyklarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 27-nji iýun­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Const­ructi­on Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Bek Jung-Wa­ny ka­bul et­di.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!