Möhüm wezipelere bagyşlandy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Bäherden etrap Geňeşleriniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň Arçman şäherçe Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» nobatdaky Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ilatyň arasynda wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Taryhy özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugurda taryhy hyzmatlary amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi Türkmenistanyň ösüşler ýolundaky öňe tarap gadamynyň ynamly we ygtybarlydygyny tassyklaýar. Ýurtda amala aşyrylýan sy