Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

140 jaý — baýramçylyk sowgady

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli 25-nji maýda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna badalga berip, milli Liderimiz egindeşleri bilen Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda bina edilen 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriçi ugurlar boýunça hereket edýän täze awtobuslaryň köp sanlysy halkymyzyň hyzmatyna berildi. Döwlet Baştutanymyz hem täze awtobusda ýolugra bu ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginiň tebigy aýratynlyklaryny synlady.

Paýtagtymyz — milliligiň nusgasy

Milli binagärlik sungatymyz bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň mirasymyza, medeniýetimize bolan uly sarpasyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen has-da ösen paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik gurluşygynda, gözel desgalarynda milli mirasymyz we köpasyrlyk medeniýetimiz öz mynasyp beýanyny tapýar. Häzirki wagtda milli Liderimiz şähergurluşyk taslamalarynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň ekologiýa medeniýetine kybaplygyna, binalaryň hem-de desgalaryň içki we daşky görnüşinde türkmeniň baý ruhy dünýäsine mahsus bezeg işleriniň ýerine ýetirilmegine aýratyn ünsi çekýär. Gurulýan desgalaryň ählisinde bu babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, ösen paýtagtymyz Aşgabat ýyl-ýyldan has-da gözelleşýär.

Arkadagyň paýhas nury — Aşgabat

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Ir säher bilen şäheriň demirgazyk künjeginde bina ediljek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm wezipeleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji maýda Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Toý-baýramly günleriň beýany

25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Her bir adamyň durmuşynda mekdep bilen hoşlaşyk pursady tolgundyryjy duýgular bilen gurşalýar. Şol bir wagtyň özünde bu dabara özbaşdak durmuşa gadam basmagyň begenjine, umytlara hem-de täze sepgitlere ymtylyşlara beslenýär.

Aýdyň geljegiň nur

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyzyň taryhynda ajaýyp wakadyr. Eziz Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly seneler ähli raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän iri möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamamyzyň çäklerinde paýtagtymyzda gurlan döwrebap binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan köpugurly işlerimiziň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň anyk subutnamasydyr.

Ählumumy bähbitli başlangyçlar

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi. Bu foruma birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň baş maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdyr.

Bedew batly ösüşleriň gözbaşy

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Merjen şäherimiz şan-şöhrata beslenýär

25-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni we paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da «Aş­ga­bat-si­ti» iri ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak we iki gat­ly tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy. Ir sä­her bi­len şä­he­riň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de bi­na edil­jek tä­ze top­lu­myň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek ýe­rin­de baý­ram­çy­ly­ga mah­sus ýag­daý eme­le gel­di. Bu ýe­re Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar.

Aşgabat — dost-doganlygyň paýtagty

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu, ozaly bilen, Aşgabadyň dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýan paýtagty hökmünde giňden ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen utgaşyp gelen 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilen gününde Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisiniň we onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşiginiň guralmagy, 25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 140 sanysynyň açylyş dabarasynyň guralmagy, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, hormatly Prezidentimize «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen adyň berilmegi, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň raýatlarynyň Türkmenistanyň ordenleri we medallary bilen sylaglanmaklary, olaryň bir toparyna Türkmenistanyň hormatly a

Aşgabat — ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň gözbaşy

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Paýtagtymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijeleri

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Ir säher bilen şäheriň demirgazyk künjeginde bina ediljek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Aşgabat şäheriniň demirgazygynda sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýokary derejede gurulmagyny üpjün etmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. * * *

Zehinliler öňe saýlandy

Ýakynda podpolkownik Magtymguly Magtymgulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kitaphanasynda ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda harby gullukçylar bilen dürli ugurlar boýunça, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we hoşniýetli daşary syýasaty hakynda sowal-jogap alşyldy. Bäsleşik çekeleşikli geçip, ýeňijilere we işjeň gatnaşan harby gullukçylara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Gunça ÇARYÝAROWA, TÝG-niň gullukçysy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň ak mermerli paýtagty iň owadan we döwrebap megapolis bolmalydyr

Milli Liderimiz “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna badalga berdi hem-de täze ýaşaýyş toplumyny açdy Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Watana bolan söýginiň beýany

Mähriban Arkadagymyzyň ýiti paýhasynyň miwesi bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny eline alyp, alnyna sylan watandaşlarymyz bu eseriň paýtagtymyz baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýändigine şaýat boldular. Häzirki zaman çaphana usulynda neşir edilen bu kitap «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilýän Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň paýtagtyny dabaralandyrýan, çuň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp nusgasyny okanyňda bir zada anyk göz ýetirýärsiň. Kitap mähriban Arkadagymyzyň eziz Watanymyza, paýtagtymyz Aşgabada çuňňur söýgüsiniň beýany bolup, onda baş şäheriň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, ony ösdürmekde maksatnamalaýyn amala aşyrylan işler dogrusynda birin-birin gürrüň berilýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitapda ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işi ünsden düşürmän, mydama öz gözegçiliginde saklaýan hormatly Prezidentimiziň mermer paýtagtyň özboluşly binagärlik keşbini emele getirmekde, ony dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryna goşmakda çekýän dyngysyz zähmetiniň beýanyny görmek bolýar. Dünýäniň islendik gözel şäherleri ýatda galyjy ajaýyp keşbi, täsinlikleri bilen syýasatçynyň hem, syýahatçynyň hem ünsüni özüne çekýär. Eserde «Aziýanyň merjeni» ady bilen adygan şäherimiziň dünýäniň kitabyna giren 1

Parahançylykly we dostlukly gatnaşyklar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 28-ne «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri gatnaşdylar. Onda dünýä döwletlerinden gatnaşan 15 parlamentden çykyşlaryň 17-si we wideoýüzlenmeler diňlenildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygyna dünýäniň ençeme döwletleriniň gatnaşmaga we çykyş etmäge isleg bildirmegi-de, parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen syýasatymyzyň goldanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Duşuşykda koronawirus pandemiýasy ýaly howplara garşy göreşmekde parlament diplomatiýasynyň aýratyn ornunyň bardygy, howplary we gapma-garşylyklary ýeňip geçmek üçin parlamentarileriň tagallalaryny birleşdirmegini talap edilýändigi we bu babatda parlament ýolbaşçylarynyň jogapkärçiliginiň ýokarydygy barada gatnaşyjylar öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy öz çykyşynda ýurduň ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy, dostluk hyzmatdaşlygyny ýola

Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!

Ylhamlar şäheri gözel Aşgabat! Seni söýgüläp-taryplan dilleriň senasyny diňleýän. Olaryň buýsançly owazy ýürek tarlaryna şeýle bir hoş ýakýar. Arka atan 140 ýylyň içinde bolan wakalar barada oýlanýan. Ganatly ylhama atlanan kalbym gadymy rowaýatlaryň güzerine gonýar... Aýdyşlaryna görä, gadym döwürde Nusaý patyşasynyň ogly Änew hanyň perizat ýaly owadan, asylzada gyzyna aşyk bolanmyş. Magşuk gyz göwün söýen ýaryna gowuşmagy arzuw edipmiş. Emma Arşdan ýaňlanan owaz ýowuz çykyp, aşyk-magşugy ajy aýralyga sezewar edipdir. Ýaşlar gaçmagy ýüregine düwüpdirler. Uç-gyraksyz çölüň gyzgyn çägeli aňňatlary aşyk-magşugyň nalasyna eýermändir. Gözýetimde ikiýan at çapýan oýunçy salgymlar olara gol bulap, halys ysgyndan gaçyrypdyr. Birdenem, ho-ol aňyrda göm-gök baýyrlar görnüpdir. Suwsuzlykdan ýaňa agzy gurap, dodaklary jaýryk-jaýryk bolan aşyklar şol ýana ylgapdyrlar. Süýr günortanlar olar bir şatuduň saýasynda lummurdap akýan çeşmäniň başyna özüni atypdyrlar. Ýöne haýp, teşneligini gandyrmak üçin buz ýaly suwa eňegini basan badyna suw topraga siňip, köne güzer gurap galanmyş. Aşyklar başyny galdyrsa welin, dag çeşmesi ýene bal ýaly süýji suwdan dolup akýar diýýär. Halys mejaldan gaçan aşyklar ykbalyň bu ýeser oýnundan ejizdigini boýun alanmyş. Ahyry, perisypat gyz armanly gözüni ýumanmyş. Emma onuň hüýrmelek husnuna hatda ajal perişdesiniň özem dözmändir, tersine, oňa aşyk b

Eziz paýtagtymyz — ak bagtymyz

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň çagyrylmagynda geçirilen bu mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.