Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Guşlara mahsus häsiýetler

Eziz Diýarymyzyň biologik dürlüliginiň baýlygy onuň geografiýa taýdan ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, haýwanat dünýäsiniň ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, olaryň aglaba bölegi guşlardyr. Ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alyndy. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler. Suwly ýere mahsus guşlar Tejen derýasynyň kenarlarynda we Ýeroýulanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr. Ýylançy gyrgy, sähra göwenegi, sykylykçy gyrgy ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtgelemäge gelseler, gulatylar, sähra garaguşy, tüýlek aýakly syçançy ýaly guşlar uçup geçýärler we gyşlaýarlar. Goraghananyň pisse tokaýlyklary, Gyzyljaryň, Ýeroýulanduzuň kert gaýalary bu guşlara höwürtge ýasamaga oňaýly şertleri döredýär.

Çarwa nowruzy

Çarwa nowruzy — alabahar. Bu 22-nji fewraldan 20-nji mart aralygyndaky döwür. Döwrüň başynda gündiziň dowamlylygy 11 sagat 2 minuta barabardyr, döwrüň ahyrynda bolsa, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolýar. Türkmen halk senenamasy boýunça 21-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanýar, 22-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip baýram edip belläpdirler.

Bötendagyň baglary

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bag nahallaryny oturtmagyň ýazky möwsümine badalga bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde döredilýän tokaý zolagynda saýaly we pürli agaç nahallaryny, çöl ösümliklerini ekmek işleriniň nobatdaky tapgyryna girişildi. Demirgazyk sebitiň tebigy köpdürlüligini saklamak, ekologiýa medeniýetini gowulandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň çäginde dowam edýän bu sogaply işlere Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar täze tokaý zolagy bilen gurşalýan Bötendag belentligine barýan uly ýoluň ugrunda sazagyň hem-de duzly gatlaga, şorlaşan topraga uýgunlaşan çöl ösümlikleriniň ýüzlerçe düýbüni ekdiler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Sarygamyş kölüniň gündogar kenaryndan uzap gidýän 20 müň gektar meýdanda tokaý zolagy döredilýär, beýik döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň ruhunda bu giňişlikde diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, halkara derejede hem örän ähmiýetli işler amal edilýär. Welaýat merkezinden 200 kilometr çemesi daşlykdaky giň sährada kemala gelýän emeli tokaýlyk Aral deňziniň guran ýerlerinden göterilýän tozanlaryň, köwsarlap öwüsýän güýçli ýelleriň zyýanly

Nar

Gadym döwürlerde nar agajynyň miwesi örän gymmatly hasaplanyp, dermanlyk serişde hökmünde ulanylypdyr. Ene-mamalarymyz, deri önümlerini gaýtadan işlän senetçilerimiz nary ýüňi, ýüplügi, matany, derini reňklemekde reňk beriji serişde hökmünde ulanypdyrlar. Biziň ýurdumyzyň ähli sebitinde nar agajy ýetişdirilýär, dag sebitlerinde bolsa ýabany narlara duşmak bolýar. Naryň ynsan saglygyna peýdalydygyny halkymyz ir döwürlerden bäri bilipdir we halk tebipçiliginde giňden ulanylyp gelnipdir. Nar C, B6, B12, R ýokumlaryna we ýod, demir, natriý, kalsiý, kaliý, magniý, marganes, fosfor ýaly mikroelementlere baýdyr. Nar däneleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny — immunitetini berkidýär. Nar şiresiniň ganazlykda, gemoglobin peselende, şeýle-de keselçilikden soňky döwürde bedeniň taplanmagynda peýdalydygyny lukmanlar aýdýarlar.

Gözel tebigatymyza buýsanç

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar” diýip belleýär. Gözel tebigata bolan aýawly gatnaşyk, daşky gurşawyň goragy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyz howanyň üýtgemegi, ýer-suw gorlarynyň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň suw gurşawyny we biodürlüligini goramak bilen bagly tutuş adamzady tolgundyrýan ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýar. Hormatly Arkadagymyz: “Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Häzirki döwürde dünýäniň ählumumy ekologiýa meseleleriniň biri howanyň üýtgemegidir. Türkmenistan 1996-njy ýylda Birleşen

Tebigaty goramakda asylly ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge, ýurdumyzyň tebigatynyň goralmagyna we onuň baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, ýaş nesilleri tebigata söýgi ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretli durmuşy üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça edilýän tagallalar Türkmenistanyň ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimizde köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralaryny ýaýbaňlandyrmak işleri tebigatyň gözel keşbine görk goşmaga, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň millionlarçasy ekilýär. Bu gün bolsa gök agaçlar seýilgählerimiziň, baglarymyzyň, köçelerimiziň bezegi hem-de binagärçilik gözelliginiň we şäherleri, obalary, senagat merkezlerini abadanlaşdyrmagyň esasy serişdesi bolup durýar.

Diýara toý bolup gelen ýazlar

Ine, ýene-de aýlar aýlanyp, ýyl dolanyp, ýürekleri joşdurýan, göwünleri galkyndyrýan, pasyllaryň soltany bahar geldi. Heý-de, bahar paslyny gowy görmeýän ynsan barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Bahar! Seniň gelmegiň bilen adamlaryň ýüzünde şatlyk, egsilmez nur peýda bolýar, täze durmuş başlanýar. Tebigat janlanyp, uzak ülkelerden guşlaryň ganat ýaýyp gelmegi, ýaşylbaş sonalaryň köllerde peýda bolmagy kalbyňy joşdurýar. Gülzarlyga, lälezarlyga beslenip gelýän türkmen bahary halkymyzyň ylham çeşmesiniň, ýaşaýşa telwasynyň, gözellige perwazynyň joşgunydyr.

Bahar paslynyň aýratynlyklary

Bahar pasly ýetip geldi. Bu pasyl Demirgazyk ýarym şarynda ýylyň mart-aprel aýlaryny öz içine alýar. Baharyň gelmegi bilen agaçlar gülleýär, howa maýlaýar, öri meýdanlarda owlak-guzular peýda bolýar. Dag depelerindäki garlar eräp, çeşme-çaýlar dolup akýar. Pasyllar Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagy bilen emele gelýär. Ýazyň gelmegi bilen topraga ýyly girip başlaýar. Otlaryň gögermegi, baglaryň güllemegi bilen tebigat has gözel görke eýe bolýar. Ýazda gyşdaky ýaly sowuk, tomusdaky ýaly jöwzaly yssy bolmaýar. Ýazyň howasy adamlar üçin iň kadaly howa şerti hasaplanýar. Gijäniň gysgalyp, gündiziň uzamagynyň adama ruhy lezzet berýändigi bellenilýär. Geçirilen barlaglara görä, Günüň giç ýaşmagy, günüň uzyn bolmagy gaýgy-aladany azaldýar. Haýwanlaryň köpelýän wagty meýdanda tebigatyň janlanyp, otlaryň gögerip başlaýan wagtyna gabat gelýär. Eýjejik jandarlary synlamak adamda ýagşy duýgulary oýarýar. Sebäbi mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlaglarda kiçijek jandarlara tomaşa etmegiň ünsüňi jemlemäge oňaýly täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Tebigaty ýakyndan synlasaňyz, okuw derslerinde üstünlik gazanmagyňyza ýardam eder. Howanyň kadaly bolmagy açyk howada has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berýär. Geçirilen barlaglarda güneşli bahar howasynda gezelenç etmegiň adamy rahatlandyrýandygy, ruhuňy göterýändigi we ýatkeşligiňe oňyn täsir edýändigi anyklandy. Şeýle hem güneşli howany

Suw üpjünçiliginiň hukuk esaslary

Bagtyýar zamanada abadan durmuşda ýaşaýan, döredýän we gurýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklarymyzdan aýawly peýdalanyp, türkmen halkynyň ýaşaýşyny has gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Döwletimiz adamzadyň ekologiýa babatda ýurt, sebit we dünýä möçberli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologiýa hem-de ykdysady bähbitlerini dogry we sazlaşykly utgaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanda kabul edilýän milli maksatnamalarda ykdysady, söwda, durmuş we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşygy göz öňünde tutulyp, bu möhüm meseleler döwletimiziň üns merkezinde durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Baharda açylan güller owadan!

Şahyr güller hakyndaky goşgy setirlerinde: Ter gülleriň ýaňagynda Gün dogup, Şol gülleriň ýaňagynda Gün ýaşýar

Zenan görki — zemin görki

Bahar her ýurda öz gözelligi bilen gelýär. Tutuş tebigata jan berip, adamlaryň kalbynda aýratyn joşgun, göwünlerde ýakymly duýgulary döredýär. Bu ajaýyp baharda Halkara zenanlar gününiň dabaraly baýram edilmegi, bahar gözelligi bilen zenan gözelliginiň bitewüligini, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda aýal-gyzlara neneňsi hormat goýulýandygyny äleme ýaýýar. Ýazda gözellik bar, ýazda joşgun bar,Ýazda dowamat bar, ýazda bakylyk.Deňizler, derýalar, daglar küýseýär,Kebelekler ýaýradyp ýör çakylyk.

Ajaýyp güller

Güller — toý-baýramyň, şatlygyň, söýginiň, birek-birege bolan belent sarpanyň nyşany. Ynsanyň duýgusyny heýjana salmagy başarýan tebigatyň bu täsinligi barada juda gyzykly maglumatlar kän. Geliň, şolaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň. Gülleri adamlar dört müň ýyl mundan öň medeniýetleşdiripdir. Gadymy müsürlililer gülleriň gözelligine maýyl bolup, ony özbaşdak ösdürip başlapdyrlar. Orta asyrlarda güllere ideg etmek iň abraýly işleriň biri hasaplanypdyr. Eger-de kimdir biri bossanlykda ýetişdirilen güllere zeper ýetirse, oňa jerime salypdyrlar.

Owadan dünýäme ýaň sen, baharym!

— Bahar geldi! Bahar geldi, näzenin gyz ýaly, enaýylyk bilen her wagt bir damja bolup çisňeýän ýaz ýagşyny görsene! Ýaz ýagşyndan soň mele topragyň özboluşly ysyndan doýar ýaly däl, demiňe dartdygyňça dartasyň gelýär — diýip, ýaşlaryň şadyýan sesleri gül-gülüstan bolan meýdanda ýaňlanýar. — Ynha, sähel salymdan meýdan kömelekleri hem gabarlyp çykar, narpyz, ysmanak, baý-bow, olardan ýygyp, tagam taýýarlasaň, gör, nähili lezzetli bolar, hany geliň, gyzyl güläleklerden çemen bogup, mähribanlarymyza sowgat edeliň — diýip, ýene biri seslenýär.

Andyz

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda Bathyz belentliginde bitýän birnäçe ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Şolaryň arasynda bir öýli andyz bolup, ol kädiler maşgalasyna degişli, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Bu seýrek duş gelýän ösümlik Bathyzda we Günorta – Günbatar Garagumda ösýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ösümlik berkleşen çägeliklerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda ösýär. Maý aýynda gülleýär, tohumyndan hem-de wegatatiw (kluben görnüşli kökler) arkaly köpelýär. Ýerli ilat bu ösümligi kähalatlarda köküniň bölegini ekmek arkaly ýetişdirýär. Ösümligiň şu görnüşiniň ösýän ýerinde gyrymsy agaçlary çapmaly däl, olary ekip, köpeltmeli.

Gül açylar baharda

Ýer togalagynyň öz okunyň daşyndan aýlanyp durmagy bilen tebigatda pasyllar çalşyp durýar. Heňňam döräp dowam edip gelýän bu kada, ine, bu gün bahar-ýazyň dünýämize hem kalbymyza dolmagyna sebäp boldy. Her gezek ýaz paslynyň ilkinji güni Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri kalbyma dolýar: Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar), Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Asylly däpleriň aýdyň dowamaty

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny hem-de medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de A

Bahar geldi

Çagalykda bu sözi kän eşidipdim. Enem ir alabaharda, entek gyşyň sowugy sowlup-sowulmanka öýümiziň ileri başyndaky üýşmek çägäniň üstüne çykyp, «Baharyň ysy gelýär» diýerdi. Onuň ellerinden berk ýapyşyp durşuma gözlerimi elek-çelek edip: «Ene, bu näme diýdigiň bolýar. Men-ä hiç hili ys duýamok» diýerdim. Şonda enem biraz gatyrganardy-da, öýkenimi dolduryp dem almagy maslahat bererdi. «Ýene şahyr bolasym gelýär» diýýäň. Şu ysy duýmaýan bolsaň näbileýin-dä!..» diýip, sözlerini ýarym çyna, ýarym degişmä salyp gürlärdi. Enem gyşyň tamamlanyp barýan şeýle günlerinde Zeminiň deminden baharyň ysynyň gelip başlaýandygyny örän düşnükli dilde aýdyp bererdi. «Saňa ol ysy ýaňy dömüp başlan maýsalar, dürli ot-çöpler, adaja öwüsýän ýeller, mahlasy, ähli zat aýdyp berer. Esasy zat, oňa düşünjek bolmalydyr» diýip, gulpajyklarymy sypardy. Soňam: «Baharyň ysyny alyp bolan bolsaň, ýör öýe gaýdaly» diýip, göýäki bu ys oňa ruhy güýç beren ýaly, göwnühoş halda ädimlerini gataltmak bilen bolardy. Men bolsa ýaýladaky bu söhbetdeşligi uzaldyp, eneme sowal üstüne sowal bererdim. Çomujyň has ýiti ysyny ýatladyp, «Ene, onam baharyň ysy hasap etmelimi?» diýerdim. Şonda enem: «Elbetde, ol hem baharyň nygmatydyr. Çomujyň ysynyň ýitiräkdigine garamaň!» diýip, onuň peýdaly taraplaryndan söz açardy. Men bolsa çaga bolsam hem, «Baharyň ysy diýilýän ysa kän ys degişli öýdýän» diýip, oňa özümçe düşündiriş bererdim

Bahar ýüreklere ylham paýlaýar

Her paslyň öz gözelligi bar. Bahar paslynyň gözelligi has üýtgeşik, täsirli, özüne çekiji. Megerem şonuň üçindir, bu paslyň gözelliginiň waspy-da has belent ýaňlanýar. Owadan sähralara elwan gülleri peşgeş berip, biziň ajaýyp ilimize gelen bahar pasly kalbyňy heýjana getirýär. Şeýda bilbiller türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspyny edip saýraýarlar. Giň ýaýlalarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen owadan reýhan güller açylýar. Pasyllaryň soltany bahar türkmen topragyny ajaýyp görke getirýär, akylyňy haýran edýär. Türkmen topragyna joşgun bilen gelen bahar, gyşda dynjyny alan topragy janlandyrýar, guşlaryň owazy daş-töwerege ajaýyp sungat eseri bolup ýaň salýar. Baglar pyntyklap, güle beslenýär, güberilip çykan ak kömelekler enaýyja bolup görünýär. Bagt mekanynda ýaşaýan halkymyz 8-nji martda Halkara zenanlar gününi toýlar. Çagalar bagymyzda hem terbiýeçi gelin-gyzlar körpelere terbiýe berýärler. Olar çaga terbiýesine jogapkärli çemeleşip, toparlaryndaky çagalary mähir bilen terbiýeleýärler. Çagalar bagymyzyň işgärleri körpelere terbiýe bermekde, olary mekdebe taýýarlamakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Çagalar bagymyzda ussat terbiýeçiler köp. Şolardan Nazira Rozykulyýewany, Şaira Hudaýewany, Dinara Jumaýewany, Zuhra Hamraýewany we Leýla Hydyrowany atlandyrmak bolar. Bu zenanlar bilim işgärleriniň arasynda guralýan çärelere, bäsleşiklere gatnaşyp, özleriniň başarnyklaryny görkezý

Ýazyň gelişin görüň!

Eda bilen basyp seýkin,Gelişini görüň ýazyň!Synlasaň, göterler keýpiň,Gelişini görüň ýazyň! Aý-günler öwrüldi telim,Görüşeli uzat eliň,Mysaly näzenin gelin,Gelişini görüň ýazyň!