Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Bürgüt

Köpetdag — täsinliklere baý mekan

Türkmen — Horasan daglarynyň demirgazyk şahasy bolan Köpetdagyň özboluşly ösümlik dünýäsi bar. Dagyň eňňitlerinde we jülgelerinde ösümlikleriň 1500-e golaý görnüşi ösüp, olardan 300-si diňe şu ýerlerde duş gelýär. Olar barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow şeýle gürrüň berýär: — Gojaman Köpetdag tebigy özboluşlylygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň köp bölegi gurak subtropiki howa zolagynda ýerleşýär. Dagyň landşafty, esasan, daşly dag ulgamyndan, meýdanynyň ujypsyz bölegi bolsa toýunsow dag pesliginden ybaratdyr. Sebitdäki uzynlygy we çuňlugy dürli-dürli bolan dag jülgeleriniň köpüsinde ýylboýy akýan suw akabalary bar. Bu bolsa ýerli ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitleýär.

Guşlar

Mundan 150 million ýyl öň — ýura döwründe ilkinji guşlar peýda bolupdyr. Guşlaryň nesil başlangyjy ylymda entek belli däl. Çaklamalara salgylansaň, olar gadymky süýrenijilerden — ýura döwri başlamazyndan öňürti triýasda ýaşap geçen psewdozuhilerden gelip çykypdyr. Guşlaryň köpüsi howada uçmaga uýgunlaşandyrlar. Olaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, olar pingwinler, düýeguşlar, tersaýakşekilliler, gaýbuşlukçylar, gotanşekilliler, leglekşekilliler, gyzylgazşekilliler, gazşekilliler, laçynşekilliler, towukşekilliler, durnaşekilliler, çulukşekilliler, kepderşekilliler, totuguşlar, ikatýokşekilliler, baýguşşekilliler, gündizkörşekilliler, atgarlawaçşekilliler, guş-syçanlar, trogonlar, gökgarlakşekilliler, doňuzguşşekilliler, serçeşekilliler ýaly toparlara bölünýärler. Guşlaryň bedeniniň ýelek bilen örtülenligi, uçmaga ukyply bolýanlygy, bedeniniň gyzgynlygynyň hemişe bir derejede ýokary (37,80 — 45,50) bolýanlygy, ýüreginiň dört kameralydygy, ýumurtga (1-24 çenli) guzlap köpelýänligi, öň aýaklarynyň ganata öwrülendigi olaryň esasy aýratynlygydyr. Guşlaryň iri sütükleri (ganat, guýruk, örtük ýelekleri) we ýelekleri bolýar. Guşlar örän özüneçekiji, guwandyryjy, ruhuňy göterijidir. Olar oňurgaly haýwanlaryň arasynda has bezemenleridir. Ýakymly owazlary, görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň olar bilen bäsleşip biljekleri ýok. Guşlar zeminiň ähli ý

Janly-jandarlar dünýäsi

Haýwanat dünýäsinde iň az ýaşaýan jandar suw siňegidir. Onuň 1 günlük ömri bar. * * *

Sazak

Türkmenistanyň tebigatynyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen döwletimizde goraghanalar we çäkli goraghanalar hereket edýär. 1928-nji ýylyň oktýabr aýynda Repetegiň daş-töweregindäki tebigatyň ajaýyplygyny goramak maksady bilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar bolup, bu ýerde çöl landşaftynyň ähli görnüşleri bardyr. Häzirki wagtda goraghananyň ösümlik dünýäsi 189 görnüşli bolup, şolardan sazak köpýyllyk agaç ösümligidir. Onuň köki çölde suw gatlagyna ýetýänçe, 18—20 metre çenli ösýär. Bu ösümlik jöwzaly yssa çydamly bolup, şahalarynda tiken görnüşli ösüntgileri bardyr. Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz durkuny saklaýan ösümlikleriň biridir. Sazak tokaýlyklary hem türkmen tebigaty, Garagum sährasy, onuň ösümlik dünýäsi ýaly müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, ýurdumyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýar.

Saýýaralar hakynda

Aýda gyzgynlyk käte 120 derejä, Marsda we beýleki saýýaralarda 400—500 derejä, sowuk bolsa 273 derejä çenli ýetýär. Ýeriň atmosferasy Günden gelýän zyýanly şöhleleri saklap, peýdalylaryny ýere goýberýär. Arşdan gelýän zyýanly şöhleler we meteoritler atmosferanyň içine girip bilmeýärler, girseler-de ýanyp ýok bolýarlar. * * *

Garynjalar — peýdaly jandarlar

Halkymyz bu jandarlary zähmetsöýerligiň, agzybirligiň, güýçlüligiň nyşany hasaplaýar. Muňa «Garynja gara günde...» diýilmegi hem şaýatlyk edýär. Eýsem, müçesi kiçi bolsa-da, öz agramyndan ep-esli agyr ýüki göterip, gije-gündiz gars kakyp ýören jandarlar hakynda nämeleri bilýäris? Biziň ýurdumyzda garynjalaryň 107 görnüşi duşýar. Olaryň 52-si daglarda we dag-eteklerinde, 29-sy derýalaryň jülgelerinde, 26-sy bolsa çöllük ýerlerde duş gelýär.

Köpetdag kyssalary

Bir çeti Garagum,Bir çeti Jeýhun,Bir çeti Köpetdag.Bir çeti Hazar.Aralygy jennet — Alla halan ýer...Çary ÝEGENMYRADOW. Giriş ýerine

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Zirk

Bereketli topragymyzyň özboluşly tebigat gözelligi, baý ösümlik dünýäsi milli buýsanjymyza öwrülip, sagdyn we uzak ýaşamagyň syryny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň aglaba bölegini tutýan Garagum sährasynda suwsuzlyga, tomsuň epgekli jöwzasyna, gyşyň aňzakly sowugyna çydamly ösümlikler ýaşaýar. Ynsan saglygynda peýdaly bu ösümlikler barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan—melhemler mekany» atly kitaplarynda täsirli maglumatlar bar. Güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümlikleri hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplarda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ugurlary salgy berilýär. Kitaplarda ösümlikleriň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlaryň berilmegi ekobotanika ugruna gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň has-da köpelmegine täsir etdi.

Süýşýän palma agaçlary

Ekwadoryň tropik tokaýlarynda duş gelýän täsin palma agaçlary her ýylda ösüp oturan ýerinden 20 metr süýşýär. Bu agaç ýaşaýşyny dowam etdirmek we özünden soň nesil galdyrmak üçin günde 2 – 3 santimetr süýşmeli bolýar. Munuň sebäbi hem bu agaç gerek bolan iýmit maddalary köp bolan topraklara tarap hereket edýär. Ýagny, agaç ösüp oturan ýeriniň topragy iýmit maddalaryna garyplaşyp başlanda, kökler başga bir tarapa güýçli ösüp başlaýarlar. Toprakdaky iýmit maddalary agajyň ýaşaýşynyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin agajyň kökleri mes topraklara tarap hereketlenýär. Şeýlelikde, agaç günde birnäçe santimetr «ýöreýär». Agajyň sütüni, şahalary we kökleri gyşaryp ösýärler. Köne kökleri topragyň aralaryndan ýuwaş-ýuwaşdan sogrulyp, ösüp barýan köklere tarap hereket edýärler. Olara Gün şöhlesine we iýmit maddalaryna baý toprakly ýerlere baryp ýaşamak üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Şonuň üçin hem bu süýşýän palma agaçlary ösümlikler dünýäsinde hereketleri bilen bellidir.

Ösümlikler dünýäsiniň täsinlikleri

Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar. Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň görnüşi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

Duýgular dünýäsi — güller

Güller — Zeminiň zynaty, dünýäniň ýaraşygy. Hudaý tarapyn Zemine eçilen bu gözellikde ýaşaýşyň iň kämil alamatlary, göwünleri galkyndyrýan, ruhuňy tämizleýän, durmuşa höwesi, duýgy jomartlygyny oýarýan aýratyn bir güýç bar. Güller — dünýämiziň, durmuşymyzyň päkligi, näzikligi, gözelligi. Ömrüňe şypa bolup dolýan bu gözellige göwünler hemişe teşne. Her biriniň özboluşly gözelligi, hoşroý ysy bolan güller ýüreklere joşgun, kalba rahatlyk berýär.

Garly gün

Göwnüme bolmasa, täze ýylyň hökümini ýöredip başlan ilkinji pursatlaryndan bäri her gün diýen ýaly saba-säher bilen akja garyň sepelemeginde üýtgeşik bir hikmet bar ýaly. Näme üçindir gyş günleri akja gar ýagan çagynda men üýtgeşik bir gudrata duşaýjak ýaly täsin duýgulary başdan geçirýärin. Ine, onsoň şeýle pikir-hyýallarym bilen şu gün hem işe barmaly wagtymdan biraz öňräk öýden çykdym-da, şol gudrata duşmak üçin gar basan ap-akja ýodadan ýöräp başladym. Säheriň şu çagynda şäher şeýle bir ak, şeýle bir ak, birje syýa degmedik akja kagyza meňzeýärdi. Eliňe galam alyp, ajaýyp sungat eserini döredibermeli...

Tebigaty goramak — mukaddes borç

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistan halkara ylalaşyklaryna goşulýar. Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda «Biologik köpdürlülik hakyndaky», «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky» Konwensiýalaryny, «Suw-batgalyk ýerler hakyndaky» Ramsar konwensiýasyny, beýleki daşky gurşawa degişli ylalaşyklary tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär hem-de sebit we dünýä derejesindäki işleri amala aşyrýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, olaryň töwereklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag düzlüginde tokaý zolagy, Garagum sähramyzyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi. Bu edilýän işler ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň, tebigatynyň has gowulaşmagyna, sähra meýdanlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Bellemeli zatlaryň biri, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň Daşoguz goly biziň goraghanamyzyň meýdanlarynyň gapd

Janyňyz tut ýaly sag bolsun!

Gündelik durmuşymyzda «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýip, birek-birege saglyk diläp, oňat arzuwlar etmek — halkymyzyň asylly däpleriniň biri. Eýsem-de, «tut ýaly» diýilmeginiň sebäbi nämekä? Näme üçin saglyk dilemeklik tut agajy bilen baglanyşdyryp aýdyldyka? Muny bilmek üçin, geliň, ata-babalarymyzyň tut bilen baglanyşykly garaýyşlaryna ser salalyň. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda tut agajyna oňat garaýyşlar bolupdyr. Tut agajyny halkymyz her hili bela-beterden, göz-dilden, saýasy yssydan goraýan pena hasaplapdyrlar. Şonuň üçin türkmen obalary tut agaçsyz göz öňüne getirilmändir. Her öýüň gapysynda hökman tut agajy ekilipdir. Ýaşulularymyz köplenç tut agajynyň saýasynda saýalap, dynç alyp, tudana mürepbesi bilen çaý içipdirler. Umuman, ata-babalarymyz tuda bolan ynançlar, yrymlar bilen ýaşapdyrlar, nesil terbiýeläpdirler. Tut agajy hemişe başy dik, örän berk, uzak ýyllar ýaşamaga ukyply agaç bolupdyr. Şonuň üçin pederlerimiz ynsan saglygyny tut agajyna deňemek bilen, hut şol agaç ýaly berk, sagdyn, uzak ýaşamagy birek-birege arzuw edipdirler.

Tebigat geýinip akja köýnegin, ýyly garşylady gözellik bilen

Tebigatyň ähli pasly biri-birinden owadan. Hamala, olar biri-biri bilen owadanlykda bäsleşýän ýaly. Edil şu günler bolsa gözel tebigatymyz has-da owadanlyga beslenipdir. Dogrusy, ol geýinip akja köýnegin, ýyly garşylapdyr gözellik bilen. Gar reňkli ulagymyz günorta gitdigiçe, görýän gözelligiňe aklyň haýran galýar. Ulagy saklap, tebigat bilen gaýybana gürleşesiň, onuň goýnunda surata düşesiň gelýär. Tebigat saýlap-saýlap, şeýle bir owadan köýnegini geýipdir welin, edil durmuşa çykjak gyzy ýadyňa salýar. Onuň akja köýneginde ýiti ýylpyldylar öwşün atyp, çar ýana şöhle saçýar.

Jümle-jahan habarlary

«A-68» aýsbergi ikä bölündi Ýewropanyň kosmiki gullugy (EKA) dünýäniň iň uly «A-68» aýsberginiň ikä bölünendigini habar berdi. Indi alymlar äpet buz bölekleriniň hereketini yzarlamaly bolarlar. Aýsbergiň ikä bölünmeginiň sebäbi heniz belli däl. Emma alymlar onuň Günorta Georgiýanyň kenarynyň onlarça kilometrlik ýalpaklygyna tarap ýüzmegi zerarly bu ýagdaýa gelendigini çaklaýarlar. Aýsbergiň ýalpaklyga golaýlaşmagy we onuň ummanyň düýbüne degmegi zerarly bu äpet buz böleginiň bölünmegine alymlar öňräkden bäri garaşýardylar. Şeýle hem olar soňky birnäçe günüň dowamynda «A-68-iň» sagat diliniň ugruna hereket edip aýlanandygyny-da belleýärler. Umumy meýdany 4200 inedördül kilometr bolan bu buz bölegi indi ep-esli kiçeldi. Onuň bölünip aýrylan bölegi 175 inedördül kilometre barabardyr. Alymlar «A-68-iň» ýuwaş-ýuwaşdan has kiçi böleklere-de bölünmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Emma munuň üçin ýene ençeme ýyllaryň gerek boljakdygy hem anyk.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Şäher tokaýa öwrüler

Häzirki wagtda Hytaý hökümeti mekgejöwen, apelsin we mangony ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Özem geň ýeri, şäher içinde. Bu oba hojalyk önümlerini, esasan, şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde we gatlarynda ösdürip ýetişdirmek örän amatlydyr. Geçen ýyl Hytaý hökümeti meşhur italýan binagäri Stefano Boeri bilen gepleşiklere başlady. Bu binagäriň iň meşhur işi bolan «Dik tokaý» (Bosco Verticale) — Milanda baglar bilen örtülen gök binalaryň toplumyny emele getirdi. Hytaý tarapy şuňa meňzeş toplumyň Nanjingdäki (Hytaýyň Jiangsu welaýaty) binalarda köpeldilmegini isleýär. Taslama şäherdäki ulaglardan bölünip çykýan gazlaryň howasyny özüne siňdirip, arassa howany emele getirer. Hytaý halky şäher içindäki dik binalarda gök we miwe önümleri hem-de 2,5 müňe golaý gyrymsy agaçlary ekmegi maksat edinýär. Olaryň maksatlary ýerine gowuşsa, geljekde Nanjing şäheri «Tokaý şäherine» öwrüler.