Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Dagyň-düzüň derman, Watan!

Bu gürrüňçil ýaşuly bilen ilkinji gezek duşuşyp, söhbet guranyma iki ýyl dagy boluberipdir. Ýakynda ýene-de paýtagtymyzyň iň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri, 95 ýaşy arka atan Seýitmyrat aganyň ýanyna hyýallandym. Jaňlaşyp, wagt belleşdim. Onuň köplenç bolýan deresine ýetinçäm birneme ýadadym. Şeýle bolmazça-da däldi. Ulagymy goýup, bir sagada golaý ýol sökmeli boldum. Her gün ýöremegi endik edinemsoň, ilkibaşda bu menzili ýeňil geçerin öýdüpdim. Ýöne depeli-düzli ýerlerden menzil aşmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýaşulynyň saglyk hakdaky, garaz, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky geçen gezekki gürrüňleri güýç berdimi, nämemi, ahyry bellenilen ýere ýetdim. Seýitmyrat aga adaty hoşgylawlygy bilen garşy alyp, mürähet etdi: «Ýer-ow, ýaş ýigit, arman-ýadaman geldiňmi?! Otur, dynjyňy al. Men saňa meýdan otlaryndan demläp goýan çaýymy bereýin. Ýadawlygyň el bilen aýrylana döner. Onsoň, nahar edineli. Soňam näme, dynjyňy alaňsoň, birneme gezelenç edeli. Şu jülgäň jana şypaly ýerlerine aýlaýyn. Elbetde, gürrüňe-de wagt tapylar». Ýaşulynyň berýän gürrüňleri biri-birinden gyzyklydy. Seýitmyrat aga bilen söhbetdeşligimizden bölekleri okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Tebigaty goramak parzdyr

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.      Tebigat — biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir. Çünki adam tebigy serişdelerden — nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat — bu durmuşyň özüdir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek. Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi — ilata, ilkinji nobatda, ýaşlara ekologiýa babatda  aň-bilim bermek bolup durýar. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä örän uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalaryny tassyklady. Ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň

Ballar mekany

2015-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Balaryçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň başynda şeýle ýazylypdyr: «Şu Kanun bal öndürýän arylary köpeltmek, saklamak, tozanlandyrylýan (entomofiýa) oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak üçin olary peýdalanmak, balaryçylyk önümlerini almak, şeýle hem bal öndürýän arylary goramak boýunça işiň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär...». Bu Kanun balaryçylygyň hukuk esaslaryny anyk we dogry beýan etmek bilen, onuň bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Balaryçylyk örän gadymy ugur bolmak bilen, ol biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip gelinýär. Ata-babalarymyz bu käri nesilden-nesle geçiripdirler. Indi bolsa balaryçylyk kanuny taýdan goralýan pudaga öwrüldi. Degişli Kanunyň 8-nji maddasynda balaryçylyk babatda işi amala aşyrýan şahslaryň hukuklary we borçlary anyk kesgitlenipdir. Hut şonuň üçin-de, bu iş bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany barha artýar.

Aralyk

Ata-babalarymyz gadym döwürlerden başlap, aýyň-günüň hasabyny ýöredip, özleriniň ekerançylyk, çarwaçylyk işlerini alyp barypdyrlar. Şonuň netijesinde halkymyzyň senenamasy peýda bolupdyr. Oňa laýyklykda, 21-nji iýundan aralyk döwri başlanýar. Ol iýul aýynyň 22-si aralygy öz içine alyp, 32 günläp dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, 22-nji iýun ýylyň iň uzyn günüdir, şol günüň gijesi bolsa ýylyň iň gysga gijesidir. Halkymyzyň arasynda bu döwür barada «Geleninde aralyk — gawun bişer saralyp» diýen nakyl ýörgünlidir. Iýun aýynda diňe bir gawun däl, eýsem, dürli miweler hem köpçülikleýin bişip ugraýar. Şonda ilki bilen erik, ülje we alma bişýär, aýyň ahyrynda bolsa şetdaly hem-de irbişer üzümler ýetişýär. Iýun aýynda gymmatly baýlygymyz bolan bugdaý orulýar, gowaçalar köpçülikleýin gülleýär.

Janly tebigatyň täsin dünýäsi

Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanda jahankeşdeleri gyzyklandyrjak gözel künjekleriň az däldigini bellemek gerek. Gojaman Köpetdagyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, çeşmedir çaýlary adamlarda uly gyzyklanma döredýär. Güneşli Diýarymyzda dynç almagyň, gözel hem täsin ýerlere syýahat etmegiň gyzgalaňly döwri hasaplanýan tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Aşgabadyň günorta — günbatar tarapyny eýeläp oturan äpet Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan jandarlaryň jemlenen ýeri bolan Janly tebigatyň milli muzeýi has hem gelim-gidimli ýerleriň biridir. Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýiniň guramaçy-tanyşdyryjysy Şirin Berdiýewa bu ýeriň täsinligi barada şeýle gürrüň berdi:

Totuguş žako

Žako totuguşlaryň bir görnüşi bolmak bilen, guşlaryň arasynda iň akylly we ýaňra guş hasaplanýar. Afrikan totuguşy žako öý şertlerinde saklanan halatynda ortaça müňe golaý söz ýat tutmaga, zatlaryň reňklerini, ululygyny-kiçiligini saýgarmaga, öýde bar bolan tehniki enjamlaryň seslerini gaýtalamaga, aýdym-sazlardan täsirlenmäge ukyplydyr. Bu guşlara dogry ideg edilip, degişli türgenleşik geçirilende olar hatda gysga sözlem hem düzüp bilýärler. Žako totuguşy eýesiniň ruhy ahwalatyna duýgudaşlyk bildirmegi başarýar. Eýesiniň begenjine begenip, alada düşende bolsa ony köşeşdirýän žako iň ýakyn dost bolmagyň hötdesinden hem gelýär. Bu totuguşlaryň öwrenen sözlerini ýerlikli, gerek ýerinde ulanyp bilmegi täsindir. Olar isleýän iýmitiniň adyny, ajygan wagtyny, ýadandygyny ýa-da dynç almak isleýändigini, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmäge ukyplydyrlar. Öwredilen halatynda žako totuguşlary birnäçe dili özleşdirmegi-de başarýar.

Ýaşyl dünýäniň güni

Gadyrly çagalar, her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem oňa agza ýurtlarda, guramalarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Hawa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigaty aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

Mukaddes borç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny hem-de daşky gurşawy goramak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli hem-de global möçberlerde etraplaryň, şäherleriň we obalaryň töwereginde gök guşaklar döredilip, bagy-bossanlyga öwrülýär.

Gözel türkmen tebigaty

Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi mynasybetli 26-njy martda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan medeni çärelere badalga beriş dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi hemmeleri buýsandyran şatlykly waka boldy. Sebäbi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitapda türkmenleriň hiç mahal gaýtalap döredip bolmajak medeni, edebi, taryhy gymmatlyklaryň ençemesini dünýä beren milletdigi anyk taryhy, arheologiki maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Änewiň ekerançylygyň ilkinji ýüze çykan künjekleriniň biridigi, ak bugdaýyň watanydygy, keramika, mozaika sungatynyň ösen, mis we demir gurallaryň ýasalyp ugran ýeridigi hakyndaky, şeýle hem häzirki döwürdäki gülläp ösüşleri baradaky anyk maglumatlar bolsa hemişelik Bitarap döwletimize bolan kalp guwanjymyzy Jeýhun deýin joşdurýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözbaşydan, girişden, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleri

Tebigat biziň öýümiz

Ýakynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň (TAP) Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «Tebigat biziň öýümiz» atly maslahat geçirildi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň, Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, kitaphanaçylar we Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Altyn asyr» Türkmen kölünde, Daşoguz welaýatynyň çägindäki Bötendag belentliginde ekilen ençeme müň gektar sazak tokaýlygy, her ýylyň ýazky, güýzki bag ekmek dabaralary, Hazaryň biodürlüligini goramakda, bu mekany dynç alyş merkezine öwürmekde amala aşyrylan netijeli işler hakynda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy. Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir.

Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip

5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.

SÄHRA, BAÝYRDYR ÝAÝLASY

Musa pygamberiň maly hasaplanylýan goýun janawar: «Ýaýlam giň, çopanym galjaň, taýagam taldan bolsun!» diýip aýdanmyş. Gözüňe söweýin, türkmen ýurdunyň sährasam, gumy-çölem, baýyrdyr gyram giden bir ýaýla. Özem hersi bir-birinden üýtgeşik. Ynha, aňyrsy gazak sähralaryna sepleşip gidýän Üstýurt taraplara barsaň, ýaýla irimçik çägeli, gyrçagyllaç. Onsoň göwnüňe bu sährada ot-çöp gyt bolaýjak ýaly, ýöne bahary Ahal, Mary töwereklerinden bir aýgijräk gelse-de, apreliň ortalarynda gyr üstüniň kyrk dürli ot-çöpi parç bolup oturandyr. Gyrlaç bolansoň, gögerýän giýä-çöp hem iribaldak. Şorumtyk otdan doýan düýäniň çaly zor, içseň seriňi sämediberýär. Goýun-geçisi hem çäge-çölde gezýänden üýtgeşik, bu ýaýlada mala sakyrtga degjek gümany ýok. Mundan tas bir asyr ozal gazylan guýularynyň suwam şorumtyk. Çopan-çolugyny gürletseň: «Tekiz ýerde, gum depeleriniň arasynda bakylýan dowar sürüsi sakyrtgalasa, gyr üstündäki guýynyň suwundan bir ganýar welin, sakyrtgasy döküläýýär» diýýärler.

Türkmen te­bi­gat­ynyň te­bi­gy­lygy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­men hal­ky ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap, te­bi­ga­ta ýa­kyn du­ran, ony ýa­şaý­şyň çeş­me­si ha­sap­lan halk­dyr. Te­bi­gat­da te­bi­gy­lyk bar. On­da hiç zat ýa­sa­ma däl. Te­bi­ga­tyň bu aý­ra­tyn­ly­gy hal­ky­my­zyň süň­ňü­ne, me­de­ni­ýe­ti­ne, ru­hy dün­ýä­si­ne si­ňip gi­dip­dir. Top­rak ýa­ly sa­ha­wat­ly hal­ky­myz ga­dy­my­ýet­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir­ler. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­le­şen bu yn­san­per­wer däp­ler hä­zir­ki wagt­da tä­ze­çe maz­mun bi­len baý­la­şyp, tä­ze­çe rö­wü­şe eýe bol­ýar.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri, daş­ky gur­şa­wy ýa­ra­maz tä­sir­ler­den go­ra­mak bu gün tu­tuş dün­ýä­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny we gö­zel­li­gi­ni go­ra­mak, bu gym­mat­ly baý­ly­gy gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýö­red­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, çog­ly Gü­ne­şe baý top­ra­gy­my­zyň köpdür­li öwüş­gin­li te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak, ýe­rüs­ti we ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Tebigat — melhemler hazynasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr.

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp barmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyzda möhüm kanunçylyk binýady hem döredildi. Olaryň arasynda «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» aýratyn orunda durýar. Bu möhüm maksatnama howanyň üýtgemegi bilen baglylykda işlenilip düzülen milli strategiýanyň düzüm bölegi bolup, onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň uly toplumy bellenilendir. Şeýle-de maksatnamada beýleki çäreler bilen bir hatarda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny giňeltmek, çölleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde gorag-tokaý zolaklaryny döretmek, gülleri we bezeg agaçlaryny ösdürmek, tokaý goragyny we gözegçiligini netijeli, maksada laýyk ýerine ýetirmek ýaly möhüm işler göz öňünde tutulandyr. Şeýle çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmäge biziň goraghanamyzyň başarjaň we agzybir hünärmenleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Geçiguşlar

Güneşli ýurdumyzyň ähli ýerinde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşlara duş gelmek bolýar. Geçiguşlar, köplenç, çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde ýaşaýarlar. Geçiguşlaryň dürli görnüşleri bolup, olaryň biziň sähralarymyzda ýaşaýanlarynyň köpüsiniň ganatlarynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa gögümtil mele öwüsýär. Olaryň agramy, köplenç, 25 gramdan, göwresiniň uzynlygy bolsa 15 santimetrden geçmeýär. Geçiguşlar örän duýgur bolýarlar. Ýaz ekişiniň öň ýanynda ekin ekiljek ýerleriň sürülmegi, ýagny, topragyň üstki gatynyň agdarylmagy olar üçin iýmit bolçulygyny döredýär. Olar, esasan, ösümliklere zyýan berýän mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Göwreleriniň kiçidigine garamazdan, geçiguşlar iýmiti örän köp möçberde kabul edýärler. Şol sebäpli oba hojalyk işgärleri, bagbanlar olary özleriniň ýardamçylary hasaplapdyrlar.

Haýwanat dünýäsinden

Bir günde 20 sagat uklaýan arslanlar diňe ajygan wagtlary awa çykýarlar. Şeýle hem olar öz çagalary bilen birlikde başga haýwanlaryň çagalaryny-da mähir bilen emdirýärler. ***

Horazyň hilesi

Arada goraghanamyza degişli Gabakly meýdançasyndaky tokaýlyklara we Amyderýanyň kenarlaryna möwsümleýin uçup gelen guşlaryň görnüşlerini anyklamak üçin üç günlük iş saparyna gitdim. Derýanyň kenaryna çykmak üçin gür tokaýlygyň içinden geçýän ýodajyk bilen ýöräp barşyma haýwanlary gorkuzmazlyk üçin örän ýuwaşlyk bilen ädimledim. Ýöne şonda-da akganat daşdeşen toraňňynyň guran şahalaryna uçup-gonup, çirkin ses edip, tokaýa kesekiniň girendigini beýlekilere habar berdi. Takmynan, ýigrimi ädim ýöränimden soň, bäş metr çemesi çep tarapymda amyderýa sülgüniniň horazy meni görüp, jok-joklap ses etdi. Men hereket etmän, horaz tarapa seretdim. Horaz duran ýerinde gygyrdy we ganatlaryny pasyrdatdy, ynjalyksyzlandy. Men ýodajyk bilen öz ugruma ýöräp başlan mahalym horaz ýene ses etdi. Horazyň hereketleri adatdakysyndan üýtgeşik görneni üçin ol tarapa ugrumy üýtgetdim we ýöräp başladym. Ol azajyk ýöräp, ganatlaryny ýaýdy we ýere ýapyryldy, aýaklaryny howada hereketlendirdi. Horaz ýaralanandyr öýdüp, kömek bermek üçin ýakynrak bardym. Ol bolsa ýerinden turup, ýene dört-bäş metr çemesi ýöräp, ýene saklandy-da, maňa bakan seretdi. Menem onuň yzyna düşüp gidiberdim. Çöp-çalamlaryň içinde esli ýol geçenimizden soň, horaz pasyrdap uçup, toraňňylyklaryň içinde gaýyp boldy. Sülgüniň horazynyň bu hereketleri barada pikirlenip, ýodajykdan sowlan ýerime geldim, daş-töweregime ünsli göz aýladym. Siňe