Türkmenistan — ÝUNISEF: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk

25 Iýun 2021
1399

AŞGABAT, 24-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda, şol sanda bilelikde maliýeleşdirmek boýunça taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy we durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Beýleki habarlar