Halkyň milli medeni gymmatlyklary we hoşniýetli hyzmatdaşlyk

24 Iýun 2021
1733

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplarynda medeniýet barada köpugurly we çuň manyly garaýyşlar beýan edilýär. Medeniýeti halkyň kalby hasaplaýan milli Liderimiz medeniýetiň, ykdysadyýetiň, syýasatyň özara baglanyşygyna we bir-biriniň ösüşine oňyn täsirini aýratyn nygtaýar. Ata-babalarymyzyň milli medeni gymmatlyklary, sungat baradaky pelsepewi pikirleri, garaýyşlary her bir adam üçin ýol-ýörelge, geçmişimizi, milli aýratynlyklarymyzy açyp görkezýän gymmatly taryhy çeşme bolup durýar.

Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksadyna eýerip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döredildi. Bu sene ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda ýokary derejede bellenilýär. Şeýle hem, her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda dürli welaýatlarda Medeniýet hepdeliginiň uly dabara bilen bellenilmegi däbe öwrüldi. Bu asylly däp medeniýete we onuň ösüşlerine, medeni mirasa döwlet derejesinde yzygiderli üns berilýändigini şöhlelendirýär.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar