Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Däp bolan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanda täze wezipesini ýerine ýetirmäge girişen diplomat milli Liderimizi köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde jenap Jon MakGregor «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşyp, bu gurama bilen adam hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işler barada pikir-garaýyşlaryny beýan etdi. Abraýly halkara düzümiň ýurdumyzda işe başlan wekiliniň çykyşyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.