EKOLOGIÝA BABATDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK

17 Iýun 2021
1458

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözülmegi ugrunda dünýä bileleşigi bilen ylalaşykly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň Ýaponiýada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy, 70-nji we 75-nji mejlislerinde hem-de «Rio+20» maslahatynda eden taryhy çykyşlarynda ýurduň, sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Araly halas etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek häzirki wagtda döwletimiziň ekologiýa syýasatynda esasy ugurlaryň birine öwrüldi.

Leýli SARYÝEWA
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Halkara-hukuk gatnaşyklary müdirliginiň esasy maslahatçysy, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar