Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda

17 Iýun 2021
1286

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, şol sanda BAE ýaly arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gün Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwletara gatnaşyklary barha artýan depginde işjeň hem-de gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga eýe bolýar. Iki ýurduň halklaryny gadymy döwürlerden bäri taryhy, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýän iki ýurduň hoşniýetli erki ägirt uly kuwwata gabat gelýär. Türkmenistanyň hem-de BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklary hem hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan oňyn tejribesi hem-de milli ykdysadyýetleriň üstünlikleri nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine sapary arap dünýäsiniň täsirli ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ýörelgesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 9-11-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S. Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş saparynda boldy.

Beýleki habarlar