Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 150 çemesi döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeler bolsa baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülip, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny has-da belende göterdi.
Aslynda parahatçylyk söýüjilik düşünjesi halkymyzyň milli häsiýetleriniň özeninde, däp-dessurlarynda we ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar, dostlukly döwletiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Goňşy ýurtda lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurulmagy, oňa ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmegi, demir ýollaryňdyr gaz geçirijileriň çekilmegi, owgan ýaşlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagy, doganlyk halka ynsanperwer ýükleriň ugradylmagy munuň anyk mysallarydyr. Şu ýylyň 6-njy fewralynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde «Taliban» hereketiniň Syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyň geçirilmegi bolsa Owganystandaky ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak boýunça netijeli gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.