Halkara hyzmatdaşlyga daýanyp

6 Iýun 2021
1374

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz dünýäniň köp sanly ýurtlary, iri daşary ýurt kompaniýalary, abraýly maliýe we bank düzümleri bilen özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki düzümleriň, şeýle hem işewürler geňeşleriniň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirildi.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimize, şol sanda onuň hususy pudagyna maýa goýum serişdeleriniň akymyny artdyrmak, daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasy» tassyklanyldy. Onda ýurdumyza daşary ýurt maýasyny çekmek, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmak, bu ugurdaky kanunçylygy dünýäniň öňdebaryjy tejribesine, Bütindünýä söwda guramasynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Ogulsapar IŞANGULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar