Söýginiň gözbaşy

25 Maý 2021
2150

Mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde mähriban enelerimiz barada şeýle diýýär: «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär».

Uly söýgi hem mähir bilen aýdylan bu jümleleri näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Çünki döwrüň bagtyýar enelerine, zenanlaryna, maşgala mukaddesligine bagyşlanan bu kitap durşy bilen mekdep, nusgalyk ýol-ýörelge. Hut şonuň üçin-de, ilkinji Zenanlar guramamyz tarapyndan talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň her birinde çuňňur many-mazmuna, pähim-parasada eýlenen bu kitap uly gollanma bolup durýar. Geljekki eneler bolan ýaş gyzlaryň terbiýesinde enelerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, durmuş tejribesinden ugur alynýar.

Ogultäç SOPYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar