18-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.