Gymmatly çig malyň tonnalary artýar

19 Maý 2021
1406

Welaýatymyzyň ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig mal bolan pile hasylyny ýygnamaga köpçülikleýin girişdiler. Köýtendag, Döwletli, Halaç, Kerki etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar.

Köýtendag etrabynyň «Zarpçy» we Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan daýhan birleşikleriniň beýleki 4-si hem pellehana barha ýakynlaşýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş sehiniň başlygy Serdar Jumaýew ýüpekçilik bilen meşgullanýan kärendeçileriň 486-syndan 100-e golaýynyň eýýäm şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aýdýar. Döwletli etrabynyň «Türkmenistan», «Pagtaçy» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri hem pile tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Piläniň «türkmenistanlylardan» 300, «pagtaçylylardan» 100 kilograma golaýy meýilnamadan daşary ýygnaldy. Gymmatly çig mal bolan piläniň ýene-de mukdary artýar. Sebäbi ýüpekçileriň uly topary pile tabşyrmagy dowam etdirýär. Welaýatymyzda ýüpekçileriň iň köpsanlysyny — 5134-sini jemleýän Halaç etrabynda hem pile ýygnamagyň depgini günsaýyn güýçlenýär. Eýýäm daýhan birleşikleriniň 6-sy meýilnamalaryny berjaý etdi. Olardan «Ärsarybaba», «Garabekewül», «Daýhan» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri çig maly ýygnamagy ýene-de gyzgalaňly dowam etdirýärler. Etrap boýunça şu ýyl piläniň 200 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Möwsümiň soňuna çenli bu sanyň ep-esli artjakdygyny ynam bilen aýtsa bolar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar