Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

18 Maý 2021
1555

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işlenip düzülen hemişelik Bitarap döwletimiziň 2017—2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen bir hatarda, abraýly halkara guramalary bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek wezipesi wajyp orun eýeleýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda ösdürmek we berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Çärýek asyryň dowamynda öz hemişelik Bitaraplyk borjuna jogapkärçilikli eýerýän Türkmenistan döwletimiziň iri halkara guramalar we sebit düzümleri bilen alyp barýan netijeli gepleşikleri we olar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň dürli edaralary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary ýokary hil derejesine çykdy.

Hemra ARAZMYRADOW,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň 1-nji sekretary.
Beýleki habarlar