Kaka etrabynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak bilen baglanyşykly häzirki jogapkärli möwsümi gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar şu günler taýýarlanan piläni kabul ediş we guradyş kärhanasyna tabşyrmak işini göwnejaý alyp barýarlar.
Etrabyň ýüpekçi kärendeçileri tarapyndan gündelik taýýarlanýan piläniň möçberi barha artýar. Munuň şeýledigine pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gelip gowuşýan bu kümüşsöw gymmatlygyň ilkinji tonnalary hem şaýatlyk edýär.