Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň paýtagty kämil watansöýüjiligiň hem şäheridir. Çünki bu ýerde amala aşyrylýan ýurdumyz, tutuş sebit we Ýer ýüzi bilen bagly asylly işler hormatly Prezidentimiziň watançylyk taglymatyndan we mähriban Diýarymyza bolan egsilmez söýgüsinden gözbaş alýar. Şonuň üçin-de Aşgabat şäherimiziň durkunda tutuş Watanymyzyň ýüzi, nurana keşbi görünýär. Hut şonuň üçin hem eziz paýtagtymyza ýurdumyzyň ýüregi diýilýär.
Uzak ýyllary öz içine alan ösüş ýolunda hem ýurduň buýsançly merkezi bolan Aşgabat şäherimizi köp asyrlyk taryhymyzyň menzillerine degişli gymmatlyklar bezeýär. Bu ýerde merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ömür ýoluny, geçilen taryhy menzilleri nesillere ýetirýän we dünýä ýaýýan iri muzeýler, medeni ojaklar ýerleşýär. Olarda mähriban Watanymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary aýawly saklanyp, buýsançly taryhyň şaýatlary hökmünde geljege geçirilýär.