Turpça

16 Maý 2021
1726

Gök önümleriň arasynda turpça (rediska) ýaz möwsüminiň irki döwründe ýetişýän birýyllyk ösümlikdir. Onuň ady latyn dilinden terjime edilende «kök» diýen manyny berýär. Turpçanyň gabygy ýuka, goýy gülgüne, gyrmyzy, sortuna görä käte açyk gülgüne öwüşginli bolýar. Ol ýazyň ilkinji aýlarynda we güýzde hasyl alar ýaly tomusda — iýun aýynda köpçülikleýin ekilýän medenileşdirilen ösümlikdir. Ekilen döwründen 12-14 gün geçensoň turpça hasyla durýar, bir aýdan soň hasyly ýetişýär.

Turpça witaminlere baý ösümlikdir. Onuň düzüminde A, C, B1, B2, B6, PP witaminleri, kaliý, natriý, ftor, fosfor, sink ýaly mineral duzlar we adam bedenine peýdaly beýleki serişdeler bar. Onuň 100 — 120 gramynda günüň dowamynda adama gerek bolan C witamininiň möçberi bardyr. Bu ösümlik berhiz saklaýanlar, süýji diabeti bolan adamlar üçin hem peýdalydyr.

Taýýarlan Maksat MÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar