Bugdaýyň agrotehnikasy, ondan ýokary hasyl almak barada gürrüň edilende, ilkinjileriň hatarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Sapargeldi Annaýewiň adyny agzaýarlar. Hakykatdan hem, Sapargeldi aganyň uly tagallalary netijesinde bu merkeziň Ýolöten şäheriniň golaýynda ýerleşen Ylmy-önümçilik hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda üýtgewsiz ekilip gelinýän 123 gektar meýdandan ýylyň-ýylyna 50-55 sentner tohumlyk däne hasylyny almak adat bolup galdy.
Emma Sapargeldi Annaýew bugdaý ekişine taýýarlyk işleri başlanandan özüniň bugdaýyň seleksiýasy we tohumçylygy boýunça ylmy işgär bolup işleýändigine garamazdan, meýdandan gaýtmaýar. Sürümiň, tekizlenişiň, mineral dökünler bilen dökünlemegiň, ekişiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini gazanýar. Ol tohumyň topraga endigan, bellenilen çuňluga düşmegine uly üns berýär. Şonuň üçin ekişi meýdanyň uzynlygyna, soňra keseligine geçirmek usulyna Sapargeldi aga kanun hökmünde garaýar. Çünki tohum bir hatar ugruna ekilende, ösümlik gögerenden bir-birini gysyp başlaýar, ýagny, iýmit meýdany darlyk edýär, şaha sany kem bolýar, ösümlik almaly boýuny alyp bilmeýär, şoňa görä-de, bugdaý başy kiçi, dänesi hem az bolýar. Tohumyň ýarysy dikligine, beýleki ýarysy keseligine ekilende, iýmit meýdany artyp, bugdaý ösümlikleriniň kadaly ösmegi üçin oňaýly şert döreýär.