Döwletimiziň oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynda himiýa serişdeleri, mineral dökünleri ýylsaýyn köp mukdarda ulanylýar. Olar öndürilende, daşalanda we saklanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berilse, ýangynlaryň ýüze çykmagyna getirip biljek howply ýagdaýlary döredýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň çäginde ýerleşýän himiýa önümlerini we mineral dökünlerini ulanýan hem-de obasenagat toplumy üçin mineral dökünleridir himiýa serişdeleri saklanýan edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlygy boýunça talap edilýän düzgünleriň berjaý edilmegi zerurdyr.
Täze işe kabul edilýän işçi-gullukçylar, inžener-tehniki işgärler üçin ammar jaýlaryndaky saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň häsiýetlerini düşündirýän maglumat beriji, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwrediji gözükdiriş işleri geçirilmeli. Iş güni gutarandan soň, himiýa önümleri, mineral dökünleri saklanýan ammar jaýlary ýapylmazdan öň, hemme ýerlerini ünsli gözden geçirip, ýangyn howpsuzlyk düzgün bozmalary bar bolan halatynda, olaryň doly düzedilmegini gazanmaly. Ammar jaýlarynyň müdirleri saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň esasy fiziki-himiki häsiýetlerini, ýangyn dörän halatynda oňa garşy göreşmegiň çärelerini, Ýangyn howpsuzlygy gullugyny öz wagtynda çagyrmagy, meýletin ýangyn söndüriji topar agzalary bilen bilelikde ýangyna garşy göreşmegiň düzgünlerini bilmäge borçludyrlar.