TEJRIBELI ÝÜPEKÇILERIŇ ALADALARY
Häzirki dowam edýän ýüpekçilik möwsüminde ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinip, yhlasly zähmet çekýän ýüpekçi kärendeçiler Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde hem az däl. Has takygy, bu ýerde jemi 203 ýüpekçi bolup, olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmagy özleriniň esasy wezipesi hasaplaýar.
Hudaýberdi Reýimberdiýew hem birleşigiň başarjaň pileçileriniň biri hökmünde tanalýar. Çünki ol ençeme ýyllardan bäri ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen, bu işiň ýol-ýodalaryna belet bolup, her ýyl Watan harmanyna ak piläniň saldamly hasylyny goşup gelýär. Şu möwsümiň başynda ýene-de olaryň bir gutusyny idetmäge alypdyr. Häzirki wagtda ol öz maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryny idetmegi talabalaýyk alyp barýar.