Ýüpekçileriň batly gadamlary

12 Maý 2021
1444

AK PILÄNIŇ BOL HASYLY UGRUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen pajarlap ösýän dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ak piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak wezipesini amala aşyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzda göz öňünde tutulan 500 tonna pile taýýarlamak ugrundaky asylly işe özleriniň mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinýän S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň edermen ýüpekçileri şu günler ýüpek gurçuklaryny idetmekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde kärine ökde ýüpekçileriň 125-si bolup, olaryň möwsüm başlamazdan öň gurçuk saklanyljak jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirip, otaglaryň kadaly ýylylykda saklanylmagyny gazanmaklary olara gurçuk tohumlaryny idetmek üçin her bir işi talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik döretdi.

Beýleki habarlar