Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy

12 Maý 2021
1639

Garaşsyz döwletimiziň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň maldarlary öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Olaryň hatarynda welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlarynyň durmuşa geçirýän çäreleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada şu birleşigiň baş hünärmeni Annageldi Ýazberdiýew şeýle gürrüň berdi:

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça maldarlara berýän kömek-goldawlary olary has-da gaýratly zähmet çekmäge, oňat netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigini birleşigimiziň hasabyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlarynyň, düýedarlarynyň Garagum çölüniň jümmüşinde mallary idetmekde alyp barýan işleriniň mysalynda-da görmek mümkin. Olaryň maldarçylykda şu ýylyň esasy möwsümleriniň biri bolan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak babatda gazanan üstünlikleri aýdanymyzy doly tassyklaýar.

Gürrüňi ýazga geçiren Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar