Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçiler bir aý gowrak wagt dowam edýän gurçugyny idetmek möwsümini tamamladylar. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdysy ýetik bolan möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelip, bu günki gün ýetişdiren pile hasyllaryna guwanýarlar.
Şu günler Baýramaly etrap pile kabul ediş we guradyş sehi köp adamly. Bu ýerde ýüpekçi kärendeçileriň yhlas bilen ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyrýan pile hasyllaryny synlanyňda, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bellenilen meýilnamany ýerine ýetirjekdiklerine ynamyň artýar.