Päk zähmetiň höziri

12 Maý 2021
1884

Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky daýhan birleşiginde tejribeli ýüpekçileriň ençemesi bar. Olar bereketli pile hasylyny öndürmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Hojalygyň işine ussat ýüpekçisi Söhbet Gurbangeldiýew hem indi birnäçe ýyl bäri gurçuk tutmak bilen meşgullanýar. Her ýyl hem pile tabşyrmaly möwsümde bereketli önüm almagy başarýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 100 gram gurçuk tohumyny alyp, idegini ýetirdi. Ol gurçuk saklaýan jaýynyň arassalygyna, ýylylygyna, esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassalygyna aýratyn üns berdi. Oňa bu işde maşgala agzalary ýakyndan goldaw berýärler. S. Gurbangeldiýewiň çekýän zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär.

Ol gurçuk idetmekden daşary kärendesine ýer alyp, bugdaýdyr pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi başarýar. Işjanly Söhbet şu günler 1 gektar ýerde iki gulak bolup çykyp hatar tutup oturan gowaçalary otamak, hatar aralaryny ýumşatmak işini geçirýär. Şeýle hem 0,80 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda zähmet ýeňişlerini gazanmak ugrunda aladalanýar. Söhbediň gadamlary batly, ümzügi öňe.

Beýleki habarlar