Golaýda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda beren agzaçar sadakasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.